Zebur 49:1—20

  • Baýlyga bil baglamak akylsyzlyk

    • Ynsan doganyny halas edip bilmez (7, 8)

    • Hudaý mazardan halas eder (15)

    • Baýlyk ölümden halas etmez (16, 17)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy. 49  Adamlar, diňläň! Älem⁠-⁠jahan, diň salyň!   Abraýly hem pukara adamlar,Baýlar hem garyplar, gulak asyň!   Men akyldarlyk hakda geplärin,Düşünje hakda oýlanaryn+.   Men atalar sözüni diňlärin,Matallary arfa sazyna goşup aýdaryn.   Zalymlar janymyň kastyna çykyp, daşymy gabanda,Agyr güne düşenimde, men näme üçin gorkaýyn?+   Baýlygyna bil baglaýanlar+,Genji⁠-⁠hazynasyna buýsanýanlar+,   Doganyny halas edip bilmezler,Ýa⁠-⁠da Hudaýa töleg töläp bilmezler+.   (Ynsanyň jany üçin töleg örän gymmatdyr,Töleg bermäge hiç bir adamyň gurby çatmaz).   Olar doganyny ölümden alyp galyp, ebedi ýaşadyp bilmez+. 10  Olar paýhasly adamlaryň⁠-⁠da ölýändigini görýär,Akmak bilen düşünjesiz adamyň ikisi⁠-⁠de dünýäden ötýär+.Olaryň baýlygy başga adamlara galýar+. 11  Olar öýleriniň ebedilik durmagyny,Çadyrlarynyň nesilden⁠-⁠nesle geçmegini isleýär. Olar mülklerine öz adyny dakýar. 12  Adam näçe abraýly bolsa⁠-⁠da, iru⁠-⁠giç aradan çykýar+.Ölüp gidýän haýwandan tapawudy ýokdur+. 13  Akylsyzlaryň, akmaklaryň yzyna eýerýänleriň,Boş sözlerinden keýp alýanlaryň görjegi şeýledir+. (Sela) 14  Olar damagy çalynjak goýun kimin mazara* iner. Ölüm olara çopançylyk eder;Daň atanda, dogruçyllar olaryň üstünden höküm sürer+. Olar topraga siňer+,Köşkde däl⁠-⁠de, mazarda*+ mesgen tutar+. 15  Hudaý elimden berk tutup,Meni mazaryň* penjesinden halas eder*+. (Sela) 16  Goňşyň baýanda,Döwleti artanda, ýüregiň howsala düşmesin. 17  Ol ölende hiç zat alyp gitmez+,Baýlygy özi bilen mazara inmez+. 18  Ol ömürboýy döşüne kakyp gezdi+. (Il⁠-⁠gün baýyň adyny arşa çykarýar)+. 19  Emma ol ata⁠-⁠babalary ýaly aradan çykar. Gözleri ýagty jahany görmez. 20  Muňa düşünmeýän adam näçe abraýly bolsa⁠-⁠da+,Ölüp gidýän haýwandan tapawudy ýokdur.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: töleg töläp alar.