Zebur 47:1—9

  • Hudaý ýer ýüzüniň Patyşasy

    • «Ýehowa haýbatlydyr!» (2)

    • Allany wasp ediň! (6, 7)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy. 47  Eý halklar, çapak çalyň, Ýeňiş aýdymyny aýdyp, Hudaýy şöhratlandyryň.   Beýik Hudaý Ýehowa haýbatlydyr+,Ýer ýüzüniň Beýik Patyşasydyr+.   Ol halklary elimize berýär,Olary boýun egdirýär+.   Ol söwer ogly Ýakubyň buýsanjyny+,Biziň mirasymyzy saýlap berýär+. (Sela)   Ýehowa Hudaý şatlyk sesi bilen,Surnaýyň owazy bilen gelýär.   Wasp ediň, Allany wasp ediň! Wasp ediň, Patyşamyzy wasp ediň!   Hudaý ýer ýüzüniň Patyşasydyr+,Ony wasp ediň, düşünjeli boluň.   Hudaý milletleriň Patyşasydyr+, Ol mukaddes tagtynda oturandyr.   Ybraýymyň Hudaýynyň halky bilenMilletleriň baştutanlary jem boldular. Ýer ýüzüniň hökümdarlary* Hudaýyň elindedir. Hudaýyň şöhraty arşa galýandyr+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: galkanlary.