Zebur 44:1—26

  • Ýa Alla, bize kömek et

    • «Sen duşmanlardan halas etdiň» (7)

    • «Damagy çalynjak goýun kimin görýärler» (22)

    • «Eý hemaýatkärimiz, aýaga gal!» (26)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy. Maskil*. 44  Ýa Allam, biz gulagymyz bilen eşitdik,Ata⁠-⁠babalarymyz gürrüň berdiler+.Atalarymyzyň döwründe, gadym günlerde,Seniň eden işleriňi aýdyp berdiler.   Güýçli goluň bilen milletleri dargatdyň+,Duşmanlary derbi⁠-⁠dagyn edip+, Ýurduny ata⁠-⁠babalarymyza berdiň+.   Olar ýurdy gylyç bilen basyp almadylar+,Öz güýji bilen ýeňiş gazanmadylar+. Sag eliň, güýçli goluň+ bilenÝagşylyk edip* ýeňiş berdiň.Sebäbi sen olary söýdüň+.   Eý Hudaý, meniň Patyşam!+Goý, Ýakup beýik ýeňiş gazansyn!   Seniň kömegiň bilen duşmanlary kowarys+.Seniň adyňy çagyryp, ýagylary depeläris+.   Ýaýyma bil baglamaýaryn,Gylyjymyň halas etmejegini bilýärin+.   Sen duşmanlardan halas etdiň+,Bizi ýigrenýänleri masgara etdiň.   Eý Hudaý, saňa her gün alkyş aýdarys,Seniň adyňy ebedilik wasp ederis. (Sela)   Şu gün bizden ýüz öwürdiň, masgara etdiň.Goşunymyzyň arkasynda durmadyň. 10  Duşmandan gaçmaga mejbur etdiň+,Bizi ýigrenýänler öýümizi taladylar. 11  Olar bizi goýun kimin parçaladylar,Sen halkyňy milletleriň arasyna dargatdyň+. 12  Olary deger⁠-⁠degmez baha satdyň+,Hiç hili peýda görmediň. 13  Goňşylaryň arasynda adymyzy masgara etdiň,Olar ýaňsylap, üstümizden gülýärler. 14  Milletleriň öňünde masgara etdiň+,Olar bizi görüp, başlaryny ýaýkaýar. 15  Her gün mertebäm peseldilýär,Utançdan ýaňa başymy galdyryp bilmeýärin. 16  Bizden ar alýan duşmanlar,Ajysyny pürküp, agzyna gelenini aýdýarlar. 17  Başymyza betbagtçylyk gelse⁠-⁠de, seni unutmadyk,Mukaddes ähtiňi asla bozmadyk+. 18  Saňa ýürekden wepaly bolduk,Ýoluňdan sowulmadyk. 19  Emma bizi şagallara şam etdiň,Üstümizi tümlük bilen örtdüň. 20  Allamyzyň adyny unudan bolsak,Ýalan taňrylara ýalbaran bolsak, 21  Hudaý muny bilmezdimi? Ol ýüregiň syrlaryny bilýär+. 22  Biz seniň hatyraňaUzakly gün ölümiň bäri ýanynda durus.Bizi damagy çalynjak goýun kimin görýärler+. 23  Eý Ýehowa, näme üçin uklaýarsyň?+ Oýan, bize kömek et! Bizi ebedilik terk etme!+ 24  Bizden näme üçin ýüz öwürýärsiň? Jebir⁠-⁠jepamyzy näme üçin görmeýärsiň? 25  Bizi gara guma gardylar,Üstümizden depeläp geçdiler+. 26  Eý hemaýatkärimiz, aýaga gal!+ Wepaly söýgiň* hatyrasyna halas et+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Ýüzüň nury arkaly.
Sözlüge serediň.