Zebur 43:1—5

  • Adyl Kazy halas edýär

    • «Nuruňy saç, hakykatyňy aç» (3)

    • «Näme üçin gamlanýarsyň, eý janym?» (5)

    • «Hudaýa garaş» (5)

43  Eý Hudaýym, maňa adyl höküm çykar+,Biwepa halkdan hakymy alyp ber+. Hilegär hem adalatsyz adamdan meni gutar.   Eý Hudaýym, sensiň galam+. Menden näme üçin ýüz öwürýärsiň? Duşmanlarym azar berýär,Maňa hasrat çekdirýär+.   Nuruňy saç, hakykatyňy aç+, Goý, olar maňa ýol görkezsin+,Mukaddes dagyňa, beýik çadyryňa eltsin+.   Şatlanyp Hudaýymyň huzuryna,Gurbanlyk ojagynyň* ýanyna bararyn+. Ýa Allam, arfa çalyp, seni wasp ederin+.   Näme üçin gamlanýarsyň, eý janym? Näme üçin howsala düşýärsiň, eý kalbym? Hudaýa garaş+,Hudaýyma, Beýik Halasgärime ýene alkyş aýdaryn+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.