Zebur 42:1—11

  • Beýik Halasgäre alkyş

    • «Maralyň akar suwy küýseýşi ýaly, ýa Allam, janym saňa hyzmat etmek isleýär» (1, 2)

    • «Näme üçin gamlanýarsyň, eý janym?» (5, 11)

    • «Hudaýa garaş» (5, 11)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy. Maskil*. 42  Maralyň akar suwy küýseýşi ýaly,Ýa Allam, janym saňa hyzmat etmek isleýär.   Bütin kalbym bilen Biribara hyzmat etmek isleýärin+. Men Hudaýyň huzuryna haçan bararyn?+   Gije⁠-⁠gündiz aglaýaryn, hiç zat iýmeýärin*.Uzakly gün üstümden gülýärler,«Hany seniň Hudaýyň?» diýýärler+.   Geçen günleri ýatlanymda, ýüregim* ezilýär:Jemagatyň arasynda ýörärdim,Il⁠-⁠gün bilen Allanyň öýüne barardym,Baýramçylyga gelen märekäniňGülki sesini, alkyş sözlerini eşiderdim+.   Näme üçin gamlanýarsyň, eý janym?+ Näme üçin howsala düşýärsiň, eý kalbym? Hudaýa garaş+,Beýik Halasgärime ýene⁠-⁠de alkyş aýdaryn+.   Ýa Allam, meniň janym gamlanýar+. Şonuň üçin Iordan topragynda,Hermon depesinde,Mizar dagynda* seni ýatlaýaryn+.   Şarlawuk güwwüldeýär,Deňiz deňze söz sözleýär. Möwç urýan tolkunlaryň üstümden basýar+.   Gündizine Ýehowanyň mähri* çoýar.Gijelerine ol hakda aýdym aýdaryn,Ýaşaýyş beren Allama dileg ederin+.   Arkadag Hudaýyma diýerin: «Meni näme üçin unutdyň?+ Duşmanlarym azar berýär,Maňa hasrat çekdirýär»+. 10  Duşmanlarym ýigrenýär*, üstümden gülýär,Uzakly gün: «Hany seniň Hudaýyň?» diýýärler+. 11  Näme üçin gamlanýarsyň, eý janym? Näme üçin howsala düşýärsiň, eý kalbym? Hudaýa garaş+,Hudaýyma, Beýik Halasgärime ýene alkyş aýdaryn+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Gözýaşlarym gije⁠-⁠gündiz iýmitim bolýar.
Sözme⁠-⁠söz: janym. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Kiçi dagda.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsi.
Başga manysy: süňklerimi owradýan ýaly.