Zebur 4:1—8

  • Hudaýa bil baglaýan adamyň dogasy

    • «Gaharlansaňyz⁠-⁠da, günä etmäň» (4)

    • «Süýji uka giderin» (8)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary bilen aýtmaly. Dawudyň aýdymy. 4  Eý adalatly Hudaýym+, dogama jogap ber. Aladaly günümde çykalga görkez. Maňa rehim et, dogalarymy diňle.   Eý adamlar, haçana çenli abraýymy depelärsiňiz? Haçana çenli biderek zatlary söýersiňiz?Haçana çenli ýalan sözlärsiňiz? (Sela)   Ýehowa wepaly adamlaryň gadyryny bilýär*.Ýehowa dogamy eşider.   Gaharlansaňyz⁠-⁠da, günä etmäň+. Düşegiňizde oýlanyp*, ümsüm ýatyň. (Sela)   Ak ýürekden* gurbanlyk beriň,Ýehowa bil baglaň+.   Adamlar: «Kim ýagşylyk eder?» diýýärler. Eý Ýehowa, nurly ýüzüň ýalkym saçsyn!+   Adamlar gallasy we täze şeraby köpelse şatlanýarlar.Ýöne sen meni olardan⁠-⁠da has bagtly etdiň.   Men ýatyp, süýji uka giderin+.Eý Ýehowa, diňe seniň saýaňda arkaýyn ýaşaryn!+

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly adamlary aýry tutýar; wepaly adamlary tanaýar.
Ýa⁠-⁠da: ýüregiňizi döküp.
Ýa⁠-⁠da: Dogruçyl bolup.