Zebur 38:1—22

  • Toba edýän adamyň dilegi

    • «Gaýgy⁠-⁠aladadan ýaňa bilim bükülýär» (6)

    • Ýehowa özüne garaşýanlara jogap berýär (15)

    • «Ýazygym sebäpli bagrym dilim⁠-⁠dilim boldy» (18)

Dawudyň öwüt⁠-⁠nesihat* aýdymy. 38  Eý Ýehowa, gazap bilen,Gahar bilen maňa käýeme+.   Oklaryň içimden geçdi,Agyr eliň egnimden basdy+.   Beren temmiňden ýaňa bütin bedenim agyrýar, Günäm sebäpli kalbym aram tapmaýar+.   Ýazyklarym başymdan agdy+,Agyr ýük kimin gerşimden basdy.   Akylsyzlygym sebäpli,Ýaralarym iriňleýär, porsaýar.   Gaýgy⁠-⁠aladadan ýaňa bilim bükülýär,Uzakly gün ýüregim hasrat çekýär.   Içim ýanyp barýar,Endam⁠-⁠janym owram⁠-⁠owram+.   Güýçden gaçdym, sustum basylýar,Bagrym dilim⁠-⁠dilim, gözýaşlarym dynman akýar.   Eý Ýehowa, isleg⁠-⁠arzuwymy bilýärsiň,Ahy⁠-⁠nalamy görýärsiň. 10  Ýüregim ezildi, kuwwatym gaçdy,Gözlerimiň nury öçdi+. 11  Dost⁠-⁠ýarlarym ýaramy görüp, menden gaçdy,Tanyş⁠-⁠bilişlerim menden arany açdy. 12  Janymyň kastyna çykanlar duzak gurýar,Ajysyny pürküp, zyýan ýetirjek bolýar+.Uzakly gün pyşyrdaşyp hile gurýarlar. 13  Ýöne men ker ýaly diňlemeýärin+,Lal ýaly jogap bermeýärin+. 14  Gulagym gapylan ýaly bolýar,Gaýtargy berere söz tapmaýaryn. 15  Eý Ýehowa, saňa garaşdym!+Eý Ýehowa Hudaýym, senem maňa jogap berdiň!+ 16  «Olar üstümden gülmesin,Aýagym taýsa, heşelle kakmasyn» diýdim. 17  Aýagym tas taýypdy,Ýüregim dynman agyrdy+. 18  Günämi boýun aldym+,Ýazygym sebäpli bagrym dilim⁠-⁠dilim boldy+. 19  Duşmanlarym güýçli hem kuwwatly boldy*,Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany köpeldi. 20  Ýagşylygyma ýamanlyk etdiler,Ýagşylyk edýändigim üçin azar berdiler. 21  Eý Ýehowa, menden ýüz öwürme! Ýa Allam, menden uzakda durma!+ 22  Eý Ýehowa, halasgärim+,Tiz ýetiş dadyma!

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýatlatma.
Başga manysy: Sebäpsiz ýere maňa duşman bolanlaryň sany köpeldi.