Zebur 33:1—22

  • Ýaradana alkyş aýdyň

    • «Onuň şanyna täze aýdym aýdyň» (3)

    • Ýehowanyň sözi we demi bilen ýaradylan zatlar (6)

    • Ýehowanyň halky bagtly (12)

    • Ýehowa nazar salýar (18)

33  Eý dogruçyllar, Ýehowanyň işlerini wasp ediň!+ Adalatly adamlara alkyş aýtmak ýaraşýar.   Arfa çalyp, Ýehowa alkyş aýdyň,Çeň* saz guraly bilen wasp ediň.   Onuň şanyna täze aýdym aýdyň+,Ussatlyk bilen saz çalyň, şatlanyp gygyryň.   Ýehowanyň sözi hakykatdyr+,Ähli eden işleri ynama mynasypdyr.   Ýehowa dogruçyllygy hem adalaty söýýär+, Ýer ýüzüni wepaly söýgüsi* bilen çoýýar+.   Asman Ýehowanyň sözi bilen ýaradylandyr+,Asman jisimleri demi bilen dörändir.   Ol böwet goýup, deňziň suwuny saklaýar+,Joşýan suwy howdanlara* ýygnaýar.   Goý, bütin dünýä Ýehowadan gorksun+, Ýer ýüzünde ýaşaýanlar Hudaýa hormat goýsun.   Alla aýtdy, sözi amala aşdy+,Buýruk berdi, ähli zat peýda boldy+. 10  Ýehowa halklaryň niýetini puç etdi+,Milletleriň maksat⁠-⁠myradyny bozdy+. 11  Ýehowanyň kararlary ebedi galýar+,Ýüreginiň niýetleri nesilden⁠-⁠nesle dowam edýär. 12  Hudaýy Ýehowa bolan halk bagtlydyr!+Allanyň seçip saýlan halky bagtlydyr!+ 13  Ýehowa gökden ser salyp,Ynsan ogullaryny synlaýar+. 14  Öz mekanyndanÝer ýüzünde ýaşaýanlara syn edýär. 15  Ynsan ýüregini ýaradan,Ähli işlerini barlaýan oldur+. 16  Patyşany uly goşuny goramaz+,Batyr adamy güýç⁠-⁠kuwwaty halas etmez+. 17  Atyna daýanýan adam özüni aldar+;Onuň güýjüne bil baglaýan aman galmaz. 18  Ýehowa hudaýhonlara*,Ýagşylyk etmegine* garaşýanlara nazar salýar+. 19  Olaryň janyny halas edýär,Açlyk döwri ölümden gutarýar+. 20  Ýehowa sabyrly garaşarys. Ol hemaýat eder, galkan kimin gorar+. 21  Hudaýyň işlerine şatlanýarys,Mukaddes adyna daýanýarys+. 22  Eý Ýehowa, biz saňa garaşarys!+Bizden wepaly söýgiňi gaýgyrma+.

Çykgytlar

Arfanyň bir görnüşi.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: ammarlara.
Ýa⁠-⁠da: özünden gorkýanlara.
Ýa⁠-⁠da: Wepaly söýgüsine.