Zebur 31:1—24

  • Ýehowa Penam

    • «Janymy saňa ynandym» (5)

    • Ýehowa wepaly Hudaý (5)

    • Hudaýyň ýagşylygynyň çägi ýok (19)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 31  Eý Ýehowa, sen meniň Penam!+ Eý adalatly Hudaý, meni halas et!+ Hiç haçan utanja galmaýyn+.   Aşak egil⁠-⁠de, sözümi diňle, Ýetiş meniň dadyma+. Dagda gurlan gala bol,Berk gala dek meni gora+.   Sen arkadagym hem galam!+Adyň hatyrasyna+ maňa ýol görkez+.   Meni duzaklardan gorarsyň+,Sebäbi meniň galam sensiň+.   Eý Ýehowa, janymy saňa ynandym+. Wepaly Hudaýym*, meni halas etdiň+.   Dereksiz butlara sežde edýänleri ýigrenýärin,Men Ýehowa bil baglaýaryn.   Söýgiň* hakda oýlanyp, ýürekden şatlanaryn.Sen agyr halymy görýärsiň+,Kalbymyň derdini bilýärsiň.   Meni asuda ýere eltdiň.Duşman eline bermediň.   Eý Ýehowa, rehim eýle! Ýüregim para⁠-⁠para, Gözlerim küteldi+, bedenim gurady+. 10  Gussadan ýaňa ömrüm kül boldy+,Ýyllarym agyr dert içinde geçdi+. Günämden ýaňa gurbatym gaçdy,Süňklerim gurady+. 11  Duşmanlarym üstümden gülýär+,Goňşylarym kemsidýär. Tanyşlarym menden gorkýar,Meni görüp gaçyp gidýär+. 12  Unutdylar meni merhum adam deý,Halym harap boldy, döwük küýze deý. 13  Men gorka düşdüm.Gybatymy etdiler+, Dildüwşük gurdular,Öldürmegiň küýüne düşdüler+. 14  Eý Ýehowa, saňa bil baglaýaryn!+ «Sen meniň Hudaýym» diýýärin+. 15  Ömrüm seniň eliňde, Yzarlaýanlardan, duşmanlardan halas et+. 16  Seniň ýüzüň bendäňe nur saçsyn+, Wepaly bolup*, meni halas et. 17  Eý Ýehowa, seni çagyrýaryn, utanja goýma+. Erbet adam masgara bolsun+,Dymyp, mazara* insin+. 18  Ýalançylaryň dili tutulsyn+,Dogruçyllary kemsidýänler, gopbamsylar dymsyn. 19  Eden ýagşylygyň çägi ýok!+ Hudaýhonlara* bereket berdiň+,Bil baglaýanlara ýagşylyk etdiň.Olary halklaryň öňünde ýalkadyň+. 20  Olary gizlin ýeriňde saklarsyň,Päliýamanlardan gorarsyň+.Olary penaňda saklarsyň,Zalymlaryň hüjüminden+ gorarsyň. 21  Şäheri gabasalar⁠-⁠da+,Gudratly işleriň arkaly wepaly söýgiňi gördüm+.Eý Ýehowa, saňa alkyş bolsun! 22  Gorkudan ýaňa: «Meni huzuryňdan ýok ederler» diýdim+. Ýöne sen dilegime jogap berdiň+. 23  Eý Allanyň wepaly bendeleri, Ýehowany söýüň!+ Ýehowa wepaly gullaryny goraýar+,Tekepbirlere agyr jeza berýär+. 24  Ýehowa sabyrly garaşýanlar+,Mert boluň, berk duruň!+

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Hakykatyň Hudaýy.
Ýa⁠-⁠da: Wepaly söýgiň.
Ýa⁠-⁠da: Wepaly söýgiň bilen.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Senden gorkýanlara.