Zebur 29:1—11

  • Ýehowanyň haýbatly sesi

    • Mukaddes lybas geýip, tagzym ediň (2)

    • «Şan⁠-⁠şöhratly Hudaý gögi gümmürdedýär» (3)

    • «Ýehowa halkyna güýç⁠-⁠kuwwat berýär» (11)

Dawudyň aýdymy. 29  Eý batyrlaryň ogullary, Ýehowa aýdym aýdyň!Güýçli we şan⁠-⁠şöhratly Ýehowa alkyş aýdyň+.   Ýehowanyň adyny arşa galdyryň, Mukaddes lybas geýip*, Ýehowa tagzym* ediň.   Ýehowanyň sesi ummanyň ýüzünde ýaň salýar,Şan⁠-⁠şöhratly Hudaý gögi gümmürdedýär+, Ýehowa bulutlaryň* üstündedir+.   Ýehowanyň sesi batlydyr+,Ýehowanyň owazy haýbatlydyr.   Ýehowanyň sesi kedr agaçlaryny ýykýar,Ýehowa Liwanyň kedr agaçlaryny çym⁠-⁠pytrak edýär+.   Ol Liwany* göle kimin,Sirýony+ ýabany öküzçe kimin bökjekledýär.   Ýehowanyň sesinden ýyldyrym çakýar+.   Ýehowanyň sesinden çöller titreýär+,Ýehowanyň sesinden Kadeş+ çöli çaýkanýar.   Ýehowanyň sesinden maral gorkup guzlaýar,Tokaýyň agaçlary ýapragyny dökýär+. Ybadathanasyndaky jemagat:«Alla şöhrat, şöhrat!» diýýär. 10  Ýehowa akar suwlaryň hökümdary+,Ýehowa Patyşa, tagtynda ebedi oturýar+. 11  Ýehowa halkyna güýç⁠-⁠kuwwat berýär+, Ýehowa halkyna parahatlyk berýär+.

Çykgytlar

Başga manysy: Mukaddesligi nur saçýandygy üçin.
Ýa⁠-⁠da: sežde.
Sözme⁠-⁠söz: suwlaryň.
Liwan daglary göz öňünde tutulýan bolmaly.