Zebur 28:1—9

  • Mezmurçynyň dilegi kabul bolýar

    • «Ýehowa güýjüm, galkanym» (7)

Dawudyň aýdymy. 28  Seni çagyrýaryn, eý Ýehowa!Meniň Arkadagym+, dilegimi diňle! Dogama jogap bermeseň,Mazara inýänlere meňzärin+.   Ellerimi mukaddes çadyryňa* tarap uzadýaryn+,Eşit meniň nalamy, kömek sorap ýalbarýaryn.   Meni zalymlar we erbetler bilen deň görme+,Olar gülüp baksa⁠-⁠da, ýüreginde ýigrenç bar+.   Eden etmişleriniň+,Zalym işleriniň hakyny ber. Goý, olar pälinden tapsyn,Edenini egni bilen çeksin+.   Olar Ýehowanyň gudratlaryny görmeýärler,Elleriniň işine üns hem bermeýärler+. Alla olary ýykar, ýerinden galmaz ýaly eder.   Dilegim kabul boldy,Ýehowa alkyş aýdaryn.   Ýehowa güýjüm+, galkanym+,Oňa ýürekden bil baglaýaryn+. Maňa ýardam berýär, köňlüm şatlanýar.Şonuň üçin oňa nagma aýdýaryn.   Ýehowa halkynyň güýç⁠-⁠kuwwatydyr!Saýlan adamyny gala ýaly goraýandyr+.   Halkyňy halas et, bereket ber+, Olaryň çopany bol, ebedilik gujagyňda göter+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: mukaddes çadyryň içki otagyna.