Zebur 27:1—14

  • Ýehowa janymy goraýan gala

    • Hudaýyň ybadathanasyna guwanmak (4)

    • Ene⁠-⁠atam taşlap gitse⁠-⁠de, Ýehowa gujak açar (10)

    • «Ýehowa umyt bagla» (14)

Dawudyň aýdymy. 27  Ýehowa nurum+, halasgärimdir. Men kimden gorkaýyn?+ Ýehowa janymy goraýan galadyr+. Kimden heder edeýin?   Zalymlar maňa topulyp, ýok etjek boldy+,Ganym duşmanlarym büdräp ýykyldy.   Meni goşun gabasa⁠-⁠da,Ýüregimde gorky bolmaz+. Uruş tursa⁠-⁠da,Hudaýa bil baglaryn.   Ýehowadan dileýärin,Şuny arzuw edýärin:Ömürboýy Ýehowanyň öýünde bolsadym+,Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda oýlansadym,Ybadathanasyna guwanyp* seretsedim+.   Dertli günümde penasynda gorar+,Çadyrynyň gizlin ýerinde saklar+,Beýik gaýanyň depesine çykarar+.   Meni gaban duşmanlarymy ýeňerin,Şatlanyp, onuň çadyrynda gurbanlyk bererin,Ýehowany wasp edip aýdym aýdaryn.   Eý Ýehowa, perýadymy eşit+,Rehim eýläp, dogama jogap ber+.   «Meni gözläp tapyň!» diýen sözleriň, Hemişe gulagymda ýaňlanýar. Eý Ýehowa, seni bütin ýüregim bilen gözlärin+.   Menden ýüzüňi sowma+, Gahar edip guluňy kowma, Sen meniň hemaýatkärim+,Meni terk etme, taşlama, eý halasgärim. 10  Ene⁠-⁠atam taşlap gitse⁠-⁠de+,Ýehowa maňa gujak açar+. 11  Eý Ýehowa, maňa ýoluňy öwret+,Duşmanlarymdan gorap, dogry ýoluňdan ýöret. 12  Meni duşmanlarymyň eline berme+,Ýalançy şaýatlar garşy çykýarlar+,Zalymlyk bilen haýbat atýarlar. 13  Ýehowanyň ýagşylygyna iman etmedik bolsam,Ýagty jahanda nirelerde bolardym?!*+ 14  Ýehowa umyt bagla+,Mert hem dogumly bol!+ Ýehowa umyt bagla!

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: minnetdarlyk bilen oýlanyp.
Başga manysy: Ýagty jahanda Ýehowanyň ýagşylygyna berk iman edýärin.