Zebur 25:1—22

  • Meni bagyşla, dogry ýoldan ýöret

    • «Ýodalaryňy öwret» (4)

    • Ýehowanyň dosty bolmak (14)

    • «Ähli günälerimi bagyşla» (18)

Dawudyň aýdymy. א [Elip] 25  Eý Ýehowa, saňa dileg edýärin! ב [Bet]   Ýa Allam, saňa bil baglaýaryn!+Meni utanja goýma+, Duşmanlarym üstümden gülmesin+. ג [Gimel]   Saňa bil baglaýanlar utanmaz+,Dönükler masgara bolar+. ד [Dal]   Eý Ýehowa, maňa ýollaryňy görkez+,Ýodalaryňy öwret+. ה [He]   Maňa öwret, dogry ýoldan ýöret+,Sebäbi halasgär Hudaýym sensiň. ו [Waw] Saňa her gün bil baglaýaryn. ז [Zaýn]   Eý Ýehowa, rehimdar Hudaýdygyňy,Halkyňa hemişe*+ ýagşylyk edýändigiňi* ýadyňa sal+. ח [Het]   Ýaşlykda eden günälerimi, etmişlerimi ýatlama. Eý Ýehowa, meni unutma.Sen wepaly söýgä+, ýagşylyga baýsyň!+ ט [Tet]   Ýehowa ýagşydyr, adalatlydyr+, Günäkäre ýaşaýyş ýoluny öwredýändir+. י [Ýod]   Ýumşaklara dogry ýoly görkezer+,Olara ýoluny öwreder+. כ [Käp] 10  Öwüt⁠-⁠ündewini* diňleýänleri+, ähtini berjaý edýänleri+,Ýehowa söýýär*, wepaly bolýar. ל [Lam] 11  Eý Ýehowa, öz adyň hatyrasyna+,Eden agyr günämi bagyşla. מ [Mim] 12  Ýehowadan kim gorkýar?+ Hudaý oňa gitmeli ýoluny öwreder+. נ [Nun] 13  Ol ýagşy günleri görer+,Nesli ýer ýüzüni miras alar+. ס [Sameh] 14  Ýehowa hudaýhonlar* bilen dost bolar+.Olara ähtini öwreder+. ע [Aýn] 15  Ýehowa aýagymy tordan boşadar+,Men hemişe Hudaýa bil baglaryn+. פ [Pe] 16  Men ejiz, ýalňyz galdym,Maňa nazar sal, rehim eýle. צ [Sad] 17  Ýüregim gaýgydan doly+,Meni dertden halas et. ר [Reş] 18  Kalbymda harasat gopýar+,Ähli günälerimi bagyşla+. 19  Seret, duşmanlarym sanardan köp,Olar meni itden beter ýigrenýär. ש [Şin] 20  Meni halas eýle, janymy gora+, Meni utanja goýma, sen meniň penamsyň. ת [Taw] 21  Wepadarlygym*, dogruçyllygym gorag bolsun+,Sebäbi bar umydym sensiň+. 22  Eý Hudaý, ysraýyl hakyny ähli derdinden gutar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: gadymy günlerden bäri.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirýändigiňi.
Ýa⁠-⁠da: Ýatlatmalaryny.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsini bildirýär.
Ýa⁠-⁠da: Hudaýdan gorkýanlar.
Ýa⁠-⁠da: Aýypsyzlygym.