Zebur 24:1—10

  • Şöhratly Patyşa derwezelerden girýär

    • Ýer Ýehowanyňkydyr (1)

Dawudyň aýdymy. 24  Ýer we ondaky ähli zatlar,Tutuş zemin we onda ýaşaýanlar Ýehowanyňkydyr+.   Hudaý gury ýeri deňizleriň üstünde+,Derýalaryň üstünde berkitdi.   Ýehowanyň dagyna kim çykyp biler?+Mukaddes mesgenine kim baryp biler?   Ýüregi päk, eli arassa+,Ýalan ýere Meniň adymdan* ant içmeýän,Mekirlik bilen kasam etmeýän adam baryp biler+.   Ýehowa oňa bereket eçiler+,Halasgär Hudaý ony dogruçyl* hasaplar+.   Şeýle adam* Hudaýy agtarar,Ýakubyň Hudaýyny razy eder. (Sela)   Eý derwezeler, giňden açylyň!+Eý gadymy gapylar, doly açylyň!Goý, şöhratly Patyşa girsin!+   Şan⁠-⁠şöhratly Patyşa kim? Ol güýçli hem gudratly Ýehowadyr+,Batyr pälwan Ýehowadyr+.   Eý derwezeler, giňden açylyň!+Eý gadymy gapylar, doly açylyň!Goý, şöhratly Patyşa girsin! 10  Şan⁠-⁠şöhratly Patyşa kim? Şan⁠-⁠şöhratly Patyşa Serkerdebaşy Ýehowadyr!+ (Sela)

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: barlygymdan. Ýagny Ýehowadan ant içmek.
Ýa⁠-⁠da: adalatly.
Sözme⁠-⁠söz: nesil.