Zebur 23:1—6

  • «Ýehowa meniň Çopanym»

    • «Hiç zada mätäç bolmaryn» (1)

    • «Maňa güýç berýär» (3)

    • «Käsämi doldurýarsyň» (5)

Dawudyň aýdymy. 23  Ýehowa meniň Çopanym+, Hiç zada mätäç bolmaryn+.   Ol meni ýaşyl ýaýlada bakýar,Bol suwly öri meýdanda* otladýar+.   Maňa güýç berýär+, Adynyň hatyrasyna adyl ýoldan ýöredýär+.   Tüm⁠-⁠garaňky jülgeden ýöresem⁠-⁠de+,Ýüregimde hiç hili gorky ýokdur+.Sebäbi sen meniň ýanymdasyň+,Hasaň hem taýagyň bilen goraýarsyň*.   Duşmanlarymyň arasynda maňa saçak ýazýarsyň+, Başyma ýag çalyp+, käsämi doldurýarsyň+.   Ömürboýy ýagşylyk edersiň*, bol bereket berersiň+,Bütin ömrümi Ýehowanyň öýünde geçirerin+.

Çykgytlar

Başga manysy: çeşmäniň boýunda.
Ýa⁠-⁠da: göwünlik berýärsiň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirersiň.