Zebur 22:1—31

  • Perýat we alkyş

    • «Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?» (1)

    • «Eşigim üçin bije atýarlar» (18)

    • Ýygnakda Hudaýy wasp ederin (22, 25)

    • Tutuş zemin Hudaýa tagzym eder (27)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Säher maraly»*. Dawudyň aýdymy. 22  Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?+ Meni näme üçin halas etmeýärsiň?Perýadyma näme üçin jogap bermeýärsiň?+   Eý Hudaýym, gije⁠-⁠gündiz çagyrýaryn,Maňa jogap bermeýärsiň+.   Sen mukaddessiň+,Ysraýyl halky saňa alkyş aýdýar.   Ata⁠-⁠babalarymyz saňa bil baglady+,Gözlerini dikdi, senem olary halas etdiň+.   Senden ýardam islediler, olary halas etdiň.Saňa bil bagladylar, tamasy puç bolmady*+.   Meni bolsa kemsidip, masgaralaýarlar,Adam saýman, gurçukça görýärler+.   Meni görenler üstümden gülýärler+,Ýaňsylap, başlaryny ýaýkaýarlar+:   «Ol Ýehowa bil baglady. Goý, Hudaýy halas etsin, Alla ony söýýän bolsa, goý, dadyna ýetişsin» diýýärler+.   Meni ýagty jahana inderen sensiň+.Ejemiň gujagynda* rahatlyk beren sensiň. 10  Dünýä inenim bäri goraýan sensiň,Ejemiň göwresindekäm Hudaýym sensiň. 11  Betbagtçylyk ýakyndyr, menden ýüzüňi sowma+.Senden başga meniň kimim bar?+ 12  Öküzler daşymy gurşady+,Başan öküzleri meni gabady+. 13  Awyny tüýt⁠-⁠müýt edýän arlaýjy arslan kimin+,Duşmanlarym gahar⁠-⁠gazap bilen topulýar*+. 14  Suw kimin döküldim,Süňklerim bognundan ýazdy. Ýüregim mum* kimin eredi+. 15  Döwük küýzä döndüm, güýjüm galmady+,Dilim damagyma ýapyşdy+.Meni gara topraga gömdüň+. 16  Itler daş⁠-⁠töweregimi gabady+,Garakçylar kimin daşyma üýşdi+,Arslan kimin el⁠-⁠aýagymy çeýnedi+. 17  Süňklerimi sanabermeli boldy+. Duşmanlar gözüni aýyrman seretdi. 18  Donumy paýlaşýarlar,Eşigim üçin bije atýarlar+. 19  Eý Ýehowa, menden uzakda durma+. Sen meniň güýç⁠-⁠kuwwatym, tiz ýetiş dadyma+. 20  Şirin janymy gylyçdan gutar,Itleriň penjesinden halas et+. 21  Ýolbarsyň agzyndan, ýabany öküziň şahyndan gutar+.Dogama jogap ber, meni halas et. 22  Adyňy doganlaryma aýdaryn+,Ýygnakda seni wasp ederin+. 23  Ýehowadan gorkýanlar, alkyş aýdyň! Ýakubyň nesilleri, Allany şöhratlandyryň!+ Ysraýyl ogullary, Hudaýdan gorkuň! 24  Sebäbi Alla ejiziň derdine göz ýumýan däldir+,Ondan ýüz öwürýän däldir+, Perýadyny eşidýändir+. 25  Jemagatyň öňünde seni wasp ederin+,Senden gorkýanlaryň öňünde wadamy berjaý ederin. 26  Ýumşak adamlar iýip doýarlar+,Ýehowany agtarýanlar ony wasp ederler+. Goý, olar ebedi ömür sürsünler! 27  Tutuş zemin Ýehowany ýatlap dolanar, Tire⁠-⁠taýpalar tagzym ederler+. 28  Sebäbi hökümdarlyk Ýehowanyňkydyr+,Ol ähli milletleriň üstünden höküm sürýändir. 29  Baý adamlar* iýip, sežde ederler,Gara topraga siňjekler öňünde dyz eperler.Olar janyny gutaryp bilmezler. 30  Olaryň nesli Alla sežde eder,Geljekki nesle Ýehowa barada gürrüň berer. 31  Olar geljekki nesle Hudaýyň adalatyny, Eden ähli işlerini wagyz ederler.

Çykgytlar

Belki, sazyň çalnyş täridir.
Ýa⁠-⁠da: masgara bolmadylar.
Ýa⁠-⁠da: Ejem meni emdirende.
Sözme⁠-⁠söz: maňa garşy agzyny açýar.
Balarylarynyň öýjük ýasamak üçin işläp çykarýan maddasy. Ol çalt ereýär.
Sözme⁠-⁠söz: Semizler.