Zebur 20:1—9

  • Hudaý saýlan patyşasyny halas etsin

    • Käbiri söweş arabasyna we atyna bil baglaýar, biz bolsa Ýehowanyň adyny çagyrýarys (7)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 20  Betbagtçylyk güni Ýehowa saňa jogap bersin, Ýakubyň Hudaýynyň adyny çagyr, seni gorasyn+.   Mukaddes mekanyndan elini uzatsyn+,Sionda oturan seniň daýanjyň bolsun+.   Ol beren sadakalaryňy unutmasyn,Ýakma gurbanlyklaryňy kabul etsin. (Sela)   Ýürek arzuwlaryňy hasyl etsin+,Maksat⁠-⁠myradyňa ýetirsin.   Halas edeniňde, seni wasp ederis+,Hudaýymyzyň ady bilen tugumyzy dikeris+. Goý, Ýehowa ähli dilegiňi kabul etsin.   Ýehowa saýlanyny halas edýän ekeni+. Mukaddes mekanyndan jogap berýär,Sag eli bilen halas edýär*+.   Käbiri söweş arabasyna, käbiri atyna bil baglaýar+,Biz bolsa Ýehowa Hudaýymyzyň adyny çagyrýarys+.   Duşmanlar ýeňildi, çökdüler dyza,Başymyzy dik tutup, galdyk aýaga+.   Eý Ýehowa, patyşany gora!+ Ol agyr günümizde kömek eder+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýeňiş berýär.