Zebur 18:1—50

  • Halasgär Hudaýa alkyş

    • «Ýehowa penam» (2)

    • Ýehowa wepaly adama wepalydyr (25)

    • Hudaýyň ýoly kämil (30)

    • «Sen pesgöwünlisiň, meni beýgeldýärsiň» (35)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýehowanyň guly Dawudyň aýdymy. Ýehowa duşmanlaryndan we Şawuldan halas edende, Dawudyň Ýehowa aýdan aýdymy+. 18  Eý Ýehowa, seni söýýärin, sen güýç⁠-⁠kuwwatym+.   Ýehowa penam, galam, dadyma ýetişýän Hudaýym+, Hudaýym arkadagym+, penakärim,Galkanym, arkam*, daýanjym*+.   Ýehowa alkyşa mynasypdyr,Çagyrsam, duşmanlardan halas eder+.   Meni ölüm tanaplary baglady+,Dereksiz adamlar sil deý gorkuzdy+.   Mazaryň* ýüpleri maňa oraldy,Öňümde ölüm duzaklary guruldy+.   Agyr dert içinde Ýehowany çagyrdym,Kömek sorap, Hudaýyma ýalbardym. Ybadathanasyndan sesimi eşitdi+,Perýadym gulagyna ýetdi+.   Şonda ýer sarsdy, ýer titredi+,Gaharyndan daglar lerzana geldi,Gazabyndan eýläk⁠-⁠beýläk yrandy+.   Burnundan tüsse,Agzyndan ot çykdy+,Alladan közler syçrady.   Ol aşak inende, gökler baş egdi+,Gara bulut aýagynyň astyna ýazyldy+. 10  Kerubyň üstünde uçup geldi+, Perişdäniň* ganatynda aşak indi+. 11  Ol tümlüge bürendi+,Gara bulutlary çadyr edindi+. 12  Huzuryndan nur saçyldy,Buz we köz ýagyp, bulutlary böwsüp geçdi. 13  Ýehowa gökleri gürledende+,Allatagala* geplände+,Buz* we köz ýagdy. 14  Alla peýkam atyp, duşmanlaryny dargatdy+,Ýyldyrym çakdyryp, howsala saldy+. 15  Ýehowa, sen käýäniňde,Gahar bilen dem alanyňda,Derýalaryň düýbi göründi+, ýer ýaryldy+. 16  Ol ýokardan elini uzadyp, meni tutdy,Ummanyň içinden çekip çykardy+. 17  Meni güýçli duşmanlardan+,Ganymlardan halas etdi,Olar menden has güýçlüdi+. 18  Agyr günümde garşyma çykdylar+,Emma Ýehowa daýanjym boldy. 19  Meni giň sähra alyp çykdy,Menden razy bolup, janymy gutardy+. 20  Ýehowa dogruçyl bolanym üçin sylaglady+,Halallygym üçin bereket berdi+. 21  Ýehowanyň ýolundan sowulmadym,Hudaýymy terk edip, günä etmedim. 22  Hökümleri hakda hemişe oýlanýaryn,Kanunlaryny äsgermezlik etmerin. 23  Onuň öňünde päkligime galaryn+,Günäli işlere baş goşmaryn+. 24  Ýehowa dogruçyl bolanym üçin sylaglasyn+,Päk bolanym üçin bereket bersin+. 25  Wepaly adama senem wepalysyň+,Dogruçyl adam bilen senem dogruçylsyň*+. 26  Akýürekli adama ýagşylyk edýärsiň+,Mekir adam seni aldap bilmez+. 27  Pesgöwünlini halas edýärsiň+,Gopbamsyny peseldýärsiň+. 28  Eý Ýehowa, maňa nur saçýan* sensiň!Ýa Allam, gijämi gündiz edýän sensiň!+ 29  Seniň kömegiň bilen galtamanlara garşy çykaryn+,Hudaýyň güýji bilen diwardan aşyp geçerin+. 30  Hak Hudaýyň ýoly kämildir+,Ýehowanyň sözi päkdir+. Hudaý pena gözleýänlere galkandyr+. 31  Ýehowadan başga Hudaý barmy?+ Arkadagymyz ýeke⁠-⁠täk Hudaýdyr!+ 32  Güýjüme güýç goşýan hak Hudaýdyr+,Ýörejek ýolumy tekizleýär+. 33  Aýagymy keýigiňki deý çalasyn edýär,Depelerde duruzýar+. 34  Ellerime söweşmegi öwredýär,Gollarym mis ýaýy egreldýär. 35  Maňa gutulyş galkanyny berýärsiň+,Sag eliň bilen meni goldaýarsyň,Sen pesgöwünlisiň, meni beýgeldýärsiň+. 36  Ýolumy arassaladyň, indi aýagym taýmaz+. 37  Duşmanlarymy kowalap, yzyndan ýeterin,Olary ýok edýänçäm, yzyma dolanmaryn. 38  Olary şeýle bir uraryn welin, ýerinden galmazlar+,Aýagymyň astynda serlip ýatarlar. 39  Söweşmäge güýç⁠-⁠kuwwat berersiň,Duşmanymy dyza çökerersiň+. 40  Duşmanlarymy kowarsyň,Meni ýigrenýänleri ýok ederin+. 41  Olar kömek sorar, ýardam beren tapylmaz,Ýehowany çagyrar, olara jogap bermez. 42  Olary kül edip, ýele sowraryn,Palçyk kimin ýere pylçap uraryn. 43  Halkymyň töhmetinden halas edersiň+, Meni halklara baş edip goýarsyň+. Ýat adamlar maňa hyzmat ederler+. 44  Olar adymy eşiden dessine tabyn bolarlar.Keseki halklar öňüme baş egip gelerler+. 45  Ýat halklar güýçden gaçarlar,Galasyndan titreşip çykarlar. 46  Ýehowa Biribardyr! Arkadagyma şöhrat!+ Halasgär Hudaýyma alkyş bolsun!+ 47  Hak Alla arymy alýar+,Halklary öňümde boýun egdirýär. 48  Meni duşmanlardan halas edýär.Hüjüm edýänlerden üstün çykarýar*+,Zalymlaryň elinden gutarýar. 49  Eý Ýehowa, halklaryň arasynda saňa alkyş aýdaryn+,Adyňy taryplap aýdym aýdaryn+. 50  Patyşasyna beýik ýeňiş berýär+.Saýlany* Dawuda hem onuň nesline,Wepaly söýgüsi bakydyr+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: gutulyş şahym. Sözlüge serediň: Şah.
Ýa⁠-⁠da: hopwsuz depäm.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Ýeliň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Jöwenek.
Ýa⁠-⁠da: Päk adam päkligiňi görer.
Sözme⁠-⁠söz: çyramy ýakýan.
Ýa⁠-⁠da: beýikde goýýar.
Sözme⁠-⁠söz: Ýag guýup belläni.