Zebur 17:1—15

  • Alladan goramagyny dileýär

    • «Ýüregimi barladyň» (3)

    • «Ganatlaryň astynda gizle» (8)

Dawudyň dogasy. 17  Eý Ýehowa, ýalbarýaryn, adalaty dikelt!Dady⁠-⁠perýadymy eşit,Ak ýürekden edýän dogamy diňle+.   Maňa adalatly höküm çykar+,Gözleriň dogry işlerimi görsün.   Gijelerine ýüregimi barladyň+,Meni arassaladyň+.Erbet niýetimiň ýokdugyny gördüň,Dilim bilen günä etmändigimi bildiň.   Nesihatyňa gulak asdym,Beýlekiler ýaly talaňçylaryň ýolundan ýöremedim+.   Meni öz ýollaryňdan ýöret,Büdremez ýaly kömek et+.   Eý Alla, saňa dileg edýärin,Jogap berjegiňi bilýärin+. Aşak egil⁠-⁠de, sözümi diňle, dilegimi eşit+.   Gudratly işleriň arkaly wepaly söýgiňi göreýin+.Eý Halasgärim! Senden pena gözleýänleriSaňa garşy gidýänlerden goraýarsyň.   Meni gözüň göreji deý gora+,Ganatlaryň astynda gizle+.   Maňa topulýan erbetlerden,Meni gaban duşmanlardan gora+. 10  Olaryň ýüregi gatady,Dili haýbatly gepleýär. 11  Daşymyzy gabaýarlar+,Ýykmak üçin pursat gözleýärler. 12  Olar awyny tüýt⁠-⁠müýt edýän ýolbars kimindir,Bukuda peýläp ýatan arslan kimindir. 13  Eý Ýehowa, aýaga gal!Olar bilen söweş+, olary ýok et.Gylyjyň bilen duşman elinden halas et. 14  Eý Ýehowa, nebsine çapýan,Harsydünýä adamlardan gora+.Olar ýagşy zatlaryňdan* peýdalanyp+,Ogullaryna miras galdyrýarlar. 15  Men bolsa halal ýaşap, seni razy ederin*,Her säher huzuryňda oýanyp şatlanaryn+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: hazynalaryňdan; näz⁠-⁠nygmatlaryňdan.
Sözme⁠-⁠söz: didaryňy görerin.