Zebur 16:1—11

  • Ýehowa ähli berekediň Gözbaşy

    • «Ýehowa meniň paýym» (5)

    • «Gijelerine oýlanyp, sapak edinerin» (7)

    • Ýehowa meniň sagymda (8)

    • «Sen meni mazarda goýmarsyň» (10)

Miktam*. Dawudyň aýdymy. 16  Eý Hudaýym, meni gora! Sen meniň penam!+  Men Ýehowa diýdim:«Ýehowa, ähli berekediň Gözbaşy sensiň!   Ýer ýüzündäki mukaddeslere,Hormata mynasyp ynsanlara guwanýaryn»+.   Ýalan taňrylara gulluk edýänleriň derdi köpdür+. Men olar bilen gan sadakalaryny hödürlemerin,Taňrylaryň adyny⁠-⁠da agzamaryn+.   Ýehowa meniň paýym+, käsämi püre⁠-⁠pür edýär+, Mirasymy goraýar.   Maňa mes toprakdan paý düşdi, Mirasymdan razydyryn+.   Ýehowa alkyş aýdaryn, sebäbi öwüt⁠-⁠nesihat berýär+. Men gijelerine oýlanyp, sapak edinerin*+.   Hemişe Ýehowa hakda pikir ederin+. Ol meniň sagymda bolsa, asla sarsmaryn+.   Şonuň üçin ýürekden şatlanaryn, Kalbym joşar, asudalykda ýaşaryn. 10  Sen meni mazarda* goýmarsyň+, Wepaly guluňy mazarda galdyrmarsyň*+. 11  Sen ýaşaýyş ýoluny öwredersiň+. Huzuryňda hemişe şatlansynlar+,Sagyňda elmyda begensinler.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Gijelerine oý⁠-⁠pikirlerim meni ýazgarar. Sözme⁠-⁠söz: Gijelerine böwreklerim tälim berer.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: çüýretmersiň.