Zebur 149:1—9

  • Ýeňiş beren Hudaýa aýdym aýdýarlar

    • Hudaý halkyna guwanýar (4)

    • «Wepaly adamlar üçin uly hormatdyr» (9)

149  Ýaha alkyş aýdyň!* Ýehowanyň şanyna täze aýdym aýdyň+,Wepaly adamlaryň ýygnagynda wasp ediň!+   Ysraýyl Beýik Ýaradanyň+ işlerine begensin,Sion ogullary Patyşasyna şatlansyn.   Hudaýyň adyny wasp edip, tans etsinler,Deprek we arfa bilen nagma aýtsynlar+.   Ýehowa halkyna guwanýar+, Ýumşaklary halas edýär+.   Goý, wepaly adamlaryň şan⁠-⁠şöhraty artsyn,Düşeginde aýdyma hiňlensin+.   Allany wasp edýän aýdym dilinde bolsun,Iki ýüzli gylyç elinde bolsun.   Milletlerden ar alsynlar,Halklara jeza bersinler.   Olaryň patyşalaryny gandallasynlar,Beglerini zynjyr bilen baglasynlar.   Olara çykarylan hökümi berjaý etmek+, Wepaly adamlar üçin uly hormatdyr. Ýaha alkyş aýdyň!*

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.