Zebur 147:1—20

  • Hudaýyň söýgi bilen eden gudratly işlerini wasp ediň

    • Ol göwnüçökgünlere göwünlik berýär (3)

    • Ýyldyzlaryň adyny tutup çagyrýar (4)

    • Gary ak ýüň kimin ýazýar (16)

147  Ýaha alkyş aýdyň!* Hudaýymyzyň şanyna aýdym aýtmak gowudyr.Hudaýy wasp etmek ýakymlydyr, muňa mynasypdyr+.   Ýehowa Iýerusalimi dikeldýär+,Ýer ýüzüne dargan Ysraýyl ogullaryny jemleýär+.   Ol göwnüçökgünlere göwünlik berýär*,Ýaralaryny saraýar.   Ýyldyzlaryň sanyny bilýär,Her biriniň adyny tutup çagyrýar+.   Hökümdar Hudaýymyz beýikdir, gudratlydyr+,Akyldarlygynyň çägi ýokdur+.   Ýehowa ýumşaklary goldaýar+,Erbetleri bolsa ýere pylçap urýar.   Ýehowa şükür edip, aýdym aýdyň,Hudaýymyzy arfa bilen wasp ediň.   Ol asmany bulutlar bilen bezeýär,Ýere ýagyş ýagdyrýar+,Daglary ýaşyl ýaýla öwürýär+.   Hudaý haýwanlary,Gagyldaşýan garga jüýjelerini iýmitlendirýär+. 10  Ol bedewiň kuwwatyna guwanmaýar+,Pälwanyň güýçli aýaklaryna haýran galmaýar+. 11  Ýehowa hudaýhonlary*,Wepaly söýgüsini* küýseýänleri gowy görýär+. 12  Eý Iýerusalim, Ýehowany şöhratlandyr! Eý Sion, Alla alkyş aýt! 13  Ol seniň derwezeleriň gulplaryny berkidýär,Ogullaryňa ak pata berýär. 14  Ýurduňy asuda ýaşadýar+,Halkyňy ak bugdaýdan doýurýar+. 15  Ol ýer ýüzüne buýruk berýär,Sözi derrew ýerine ýetýär. 16  Gary ak ýüň kimin ýer ýüzüne ýazýar+,Gyrawy kül kimin sepeleýär+. 17  Buzy çörek owuntyklary kimin ýagdyrýar+. Aňzak sowuga kim çydap biler?+ 18  Ol buýruk berýär, gar ereýär, Şemalyň badyna+ suwlar şaglap akýar. 19  Ýakuba sözüni jar edýär,Ysraýyla kanunlaryny, hökümlerini yglan edýär+. 20  Ol başga halka muny eden däldir+;Olar Allanyň hökümlerini bilýän däldir. Ýaha alkyş aýdyň!*+

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Ýa⁠-⁠da: ýaraly ýürege şypa berýär.
Ýa⁠-⁠da: özünden gorkýanlary.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.