Zebur 146:1—10

  • Adamlara däl⁠-⁠de, Hudaýa bil baglaň

    • Adam ölende, oý⁠-⁠pikiri puç bolýar (4)

    • Hudaý bili bükülenleri dikeldýär (8)

146  Ýaha alkyş aýdyň!*+ Bütin janym bilen Ýehowa alkyş aýdaryn+.   Ýehowa ömürboýy alkyş aýdaryn, Soňky demime çenli Allany wasp ederin.   Han⁠-⁠beglere, ynsan ogullaryna bil baglamaň,Olar janyňy halas edip bilmez+.   Olaryň ýaşaýyş demi gutarýar, topraga siňýär+,Şol gün oý⁠-⁠pikirleri hem puç bolýar+.   Ýakubyň Hudaýyndan kömege garaşýan+,Ýehowa Hudaýa umyt edýän adam bagtlydyr+.   Ol asmanyň, ýeriň,Deňziň we onuň içindäki ähli zadyň Ýaradyjysydyr+.Ol hemişe wepalydyr+.   Ol aldanan adamlar üçin adalaty dikeldýär,Açlara çörek berýär+. Ýehowa tussaglary azat edýär+.   Ýehowa körleriň gözüni açýar+,Ýehowa bili bükülenleri dikeldýär+,Ýehowa dogruçyllary söýýär.   Ýehowa gelmişekleri goraýar,Ýetime, dul aýala hemaýat edýär+;Erbetleriň niýetini bolsa puç edýär+. 10  Ýehowa ebedilik Patyşa bolar+.Eý Sion, seniň HudaýyňNesilden⁠-⁠nesle höküm sürer. Ýaha alkyş aýdyň!*

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.