Zebur 143:1—12

  • Ýagna garaşýan takyrlyk ýaly Hudaýa garaşýaryn

    • «Ýaradan zatlaryň hakda çuňňur oýlanýaryn» (5)

    • «Maňa islegiňi berjaý etmegi öwret» (10)

    • Ruhuň meni ýöretsin (10)

Dawudyň aýdymy. 143  Eý Ýehowa, dogamy eşit+, perýadymy diňle. Maňa jogap ber, sebäbi sen wepaly hem adalatly.   Bendäňi ýazgarma,Sebäbi seniň öňüňde hiç kim dogruçyl bolup bilmez+.   Duşmanlar meni yzarlaýar,Meni gara topraga garýar. Men ölüp giden adam deý tümlükde ýaşamaly bolýaryn.   Ruhdan düşdüm+,Güýç⁠-⁠kuwwatdan gaçdym+.   Gadymy günler hakda oýa batýaryn,Işleriň hakda pikire gidýärin+.Ýaradan zatlaryň hakda çuňňur oýlanýaryn*.   Elimi göge galdyryp, saňa ýalbarýaryn,Takyrlyk ýagşa garaşýar,Meniň janym bolsa saňa garaşýar+. (Sela)   Eý Ýehowa, maňa tiz jogap ber+,Halys güýçden gaçdym+. Menden ýüz öwürme+,Mazara inýän adama meňzemäýin+.   Maňa säher bilen ýagşylyk et*,Saňa bil baglaryn. Ýörejek ýollarymy görkez+,Ömrümi saňa bagyş etdim.   Eý Ýehowa, seni pena edindim, Meni duşman elinden halas et+. 10  Maňa islegiňi berjaý etmegi öwret+,Sebäbi sen meniň Hudaýym. Sen ýagşysyň;Ruhuň meni tekiz ýoldan ýöretsin. 11  Eý Ýehowa, adyň hatyrasyna meni aman⁠-⁠esen sakla; Adalatyň hatyrasyna zulumdan azat et+. 12  Wepaly söýgiň hatyrasyna duşmanlarymy ýok et*+.Maňa zalymlyk edýänleri gyryp taşla+,Sebäbi men saňa gulluk edýärin+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: öwrenýärin.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildir.
Sözme⁠-⁠söz: dymdyr.