Zebur 142:1—7

  • Yzarlamalarda edilen doga

    • «Gitmäge ýerim ýok» (4)

    • «Ýeke⁠-⁠täk daýanjym» (5)

Maskil*. Dawudyň gowakda+ eden dogasy. 142  Ýehowany çagyryp, kömek soraýaryn+.Ýardam et diýip, Ýehowa ýalbarýaryn.   Hudaýa ýüregimi dökdüm,Huzurynda gaýgy⁠-⁠aladamy aýtdym+.   Ruhdan düşen wagtym saňa dileg etdim. Sen maňa ýol görkezýärsiň+. Ýöreýän ýoluma duşmanlar gapan gurýar.   Seret, sagymda hiç kim ýok,Aladamy etjek adam ýok+. Gitmäge ýerim ýok+,Halymdan habar tutjak ýok.   Eý Ýehowa, kömek sorap ýalbarýaryn! «Sen meniň penam+,Ýagty jahanda ýeke⁠-⁠täk daýanjym» diýýärin.   Başyma agyr gün düşdi,Meniň dilegimi eşit. Duşmanlarym menden güýçli,Meni halas et+.   Meni zyndandan çykar,Seniň adyňa alkyş aýdaýyn. Dogruçyllar begenjimi paýlaşsyn,Sebäbi sen maňa ýagşylyk etdiň.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.