Zebur 141:1—10

  • Hudaýdan goramagyny dileýär

    • Doga⁠-⁠dilegim tütetgi deý bolsun (2)

    • Dogruçyl käýese, başyma ýag guýlan ýalydyr (5)

    • Erbetler guran toruna düşer (10)

Dawudyň aýdymy. 141  Eý Ýehowa, seni çagyrýaryn+, Meniň dadyma ýetiş!+ Seni çagyrýaryn, kömek et+.   Doga⁠-⁠dilegim huzuryňda tütetgi deý bolsun+,Galdyran ellerim agşamky galla sadakasy deý bolsun+.   Eý Ýehowa, agzyma garawul,Dodaklaryma sakçy goý+.   Ýüregim erbetlige ýykgyn etmesin+,Zalymlaryň işine şärik bolmaýyn,Olar bilen saçak başynda oturmaýyn.   Dogruçyl adam meni ursa, diýmek, söýýändir*+.Eger käýese, onda başyma ýag guýlan ýalydyr+,Mundan asla ýüz öwürmerin+. Dogruçylyň başyna bela gelse, doga⁠-⁠dileg ederin.   Halkyň serdarlary gaýadan zyňylsa⁠-⁠da,Adamlar meni diňlär, sözlerim olara hoş ýakar.   Ýeriň sürlüp, topragyň agdarylyşy ýaly,Biziň süňklerimiz hem mazaryň* agzynda pytrap ýatyr.   Älemiň Hökümdary Ýehowa, saňa bil baglaýaryn+. Sen meniň penam, Ömür tanapymy kesme.   Meni zalymlaryň duzagyndan,Gurlan gapanlardan halas et. 10  Erbetler guran toruna özi düşer+,Men bolsa aman⁠-⁠esen ýaşaryn.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsini bildirýändir.
Sözlüge serediň.