Zebur 14:1—7

  • Akylsyz adam

    • «Ýehowa ýok» (1)

    • «Ýagşylyk edýän ýok» (3)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 14  Akylsyz adam içinden: «Ýehowa ýok»+ diýýär. Olar ýoldan çykdylar, ýigrenji işleri edýärler.Ýagşylyk edýän ýok+.   Ýöne Ýehowa gökden ynsan ogullaryny synlap,Ýehowany gözleýäni, düşünjeli adamy tapmak isleýär+.   Olaryň bary ýoldan çykdy+,Ählisi azdy. Ýagşylyk edýän ýok,Ýekejesi⁠-⁠de ýok.   Ýamanlyk edýänleriň düşünjesi ýokmy? Olar halkymy çörek ýaly lak⁠-⁠luk atýarlar, Ýehowany çagyrmaýarlar.   Olar gorkup titreşer+,Sebäbi Ýehowa dogruçylyň neslini goldar.   Eý zalymlar, garybyň işine böwet bolýarsyňyz.Emma Ýehowa garybyň penasydyr+.   Goý, Ysraýylyň halasgäri Siondan gelsin!+ Ýehowa ýesir düşen halkyny yzyna getirer.Goý, Ýakup şatlansyn, Ysraýyl begensin!

Çykgytlar