Zebur 137:1—9

  • Wawilon derýalarynyň kenarynda

    • Biz Sion hakda aýdym aýtmadyk (3, 4)

    • Wawilon haraba öwrüler (8)

137  Wawilon derýalarynyň+ kenarynda oturardyk, Siony ýatlap aglardyk+.   Wawilonyň derek agaçlaryndanArfalarymyzy asardyk+.   Sebäbi ýesir edenler aýdym aýtmagymyzy islärdiler+,Göwünlerini açmak üçin üstümizden gülüp: «Sion hakda aýdym aýdyň» diýerdiler.   Biz nädip ýat ýurtda Ýehowa aýdym aýdaly?   Eý Iýerusalim, eger seni unutsam,Sag elim hünärini unutsyn*+.   Eý Iýerusalim, eger seni ýatlamasam,Ähli zatdan gymmat saýmasam, guwanmasam+,Goý, meniň dilim gurasyn.   Eý Ýehowa, edomlylaryň aýdanlaryny ýadyňa sal.Olar Iýerusalimiň ýykylan güni şeýle diýipdiler: «Şäheri weýran ediň! Düýplerini ýer bilen ýegsan ediň!»+   Eý Wawilon gyzy, saňa jeza berjek adam bagtlydyr.Sen tizden haraba öwrülersiň+.Bize edenleriň öz başyňdan iner+.   Çagalaryňy daşa urup öldürjek adam bagtlydyr+.

Çykgytlar

Başga manysy: Sag elim gurasyn.