Zebur 135:1—21

  • Beýik Ýaha alkyş aýdyň

    • Müsürde görkezilen alamatlar we gudratlar (8, 9)

    • «Seniň adyň ebedidir!» (13)

    • Jansyz butlar (15—18)

135  Ýaha alkyş aýdyň!* Ýehowanyň adyna alkyş aýdyň!Ýehowanyň gullary, alkyş aýdyň!+   Ýehowanyň öýünde,Hudaýymyzyň howlularynda gulluk edýänler, alkyş aýdyň!+   Ýaha alkyş aýdyň, sebäbi Ýehowa ýagşydyr+. Adynyň şanyna aýdym aýdyň, sebäbi ady ajaýypdyr.   Ýah özi üçin Ýakuby saýlady,Ysraýyly eziz halky* edip saýlady+.   Ýehowanyň beýikdigini bilýärin,Hökümdarymyz ähli taňrylardan beýikdir+.   Gökde hem ýerde, deňizde hem düýbünde,Ýehowanyň islegi amala aşýar+.   Ol bulutlary ýeriň dört künjeginden asmana galdyrýar,Ýyldyrym çakdyryp*, ýagyş ýagdyrýar,Ammarlaryny açyp, ýel öwüsdirýär+.   Alla müsürlileriň nowbahar ogullaryny öldürdi,Mal⁠-⁠garalaryň ilkinji doglanlaryny gyrdy+.   Ol faraonyň, onuň hyzmatkärleriniň öňünde,Müsür topragynda alamatlar we gudratlar görkezdi+. 10  Köp halklary gyryp taşlady+,Güýçli patyşalary ýok etdi+. 11  Amorlaryň hany Sihony+,Başanyň hany Ogy+,Kenganyň ähli patyşalyklaryny ýok etdi. 12  Olaryň ýurduny,Öz halky ysraýyla miras berdi+. 13  Ýehowa, seniň adyň ebedidir! Ýehowa, şan⁠-⁠şöhratyň nesilden⁠-⁠nesle dowam edýändir!+ 14  Ýehowa halkyna hemaýat eder+,Bendelerine rehimi iner+. 15  Halklaryň altyn⁠-⁠kümüş butlary,Adam elleriniň işidir+. 16  Olaryň agzy bar, ýöne geplemeýär+,Gözleri bar, ýöne görmeýär. 17  Olaryň gulagy bar, ýöne eşitmeýär, Burny bar, ýöne dem almaýar+. 18  Butlary ýasanlar,Butlara bil baglaýanlar,Olaryň özleri ýaly bolar+. 19  Ysraýyl öýi, Ýehowa alkyş aýdyň! Harunyň öýi, Ýehowa alkyş aýdyň! 20  Lewiniň öýi, Ýehowa alkyş aýdyň!+ Ýehowadan gorkýanlar, Ýehowa alkyş aýdyň! 21  Iýerusalimde+ mesgen tutan ÝehowaSiondan alkyş aýdylsyn!+ Ýaha alkyş aýdyň!+

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Ýa⁠-⁠da: genji⁠-⁠hazynasy; hususy emlägi.
Başga manysy: Bentleri açyp.