Zebur 13:1—6

  • Ýehowanyň halas etmegine garaşmak

    • «Eý Ýehowa, haçana çenli?» (1, 2)

    • Ýehowa bol bereket berýär (6)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 13  Eý Ýehowa, haçana çenli meni unudarsyň? Hemişelikmi? Maňa haçana çenli nazar salmarsyň?+   Haçana çenli azap çekerin?Haçana çenli uzakly gün hasrat çekerin? Haçana çenli duşmanym menden üstün çykar?+   Eý Ýehowa Hudaýym, nazar sal, jogap ber. Ölüm ukusyna gitmez ýaly, maňa güýç* ber.   Duşmanym: «Men ýeňdim!» diýmesin. Ýagylarym ýykylanymy görüp begenmesin+.   Men bolsa ýagşylygyňa* bil baglaýaryn+.Halas edeniňde ýürekden şatlanaryn+.   Ýehowanyň şanyna aýdym aýdaryn,Sebäbi ol bol bereket berdi+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: gözüme nur.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňe.