Zebur 127:1—5

  • Allasyz ähli zat biderekdir

    • «Öýi Ýehowa gurmasa» (1)

    • Perzent Allanyň beren sylagy (3)

Süleýmanyň zyýarat aýdymy*. 127  Öýi Ýehowa gurmasa,Ussalaryň çeken zähmeti biderekdir+. Şäheri Ýehowa goramasa+,Garawullaryň oýa durmagy biderekdir.   Hudaý bereket bermese,Gara daň bilen turanyň, ýarygijä çenli zähmet çekeniň,Bir döwüm çörek üçin biliňi büküp işläniň biderekdir.Alla söýýänlerine rysgalyny ýetirýär, süýji uky berýär+.   Ogullar* Ýehowanyň beren mirasydyr+,Perzent Allanyň beren sylagydyr+.   Ýaşlygyňda doglan ogullar,Ýaýçynyň elindäki oklar kimindir+.   Ok gabyny olardan dolduran adam bagtlydyr+, Ol masgara bolmaz,Sebäbi şäheriň derwezesindeDuşmanlar bilen gerçek ogullary gepleşer.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Çagalar.