Zebur 126:1—6

  • Ýesir düşen halk şatlanyp Siona gelýär

    • «Ýehowa biziň üçin täsin işleri etdi» (3)

    • Gözýaş dökenler şatlanar (5, 6)

Zyýarat aýdymy*. 126  Ýehowa ýesir düşen halkyny Siona getirende+,Biz düýş görýändiris öýtdük.   Agzymyz gülküden doldy,Şatlykdan ýaňa dilimiz saýrady+. Şonda halklar diýdi: «Ýehowa olar üçin täsin işleri etdi»+.   Ýehowa biziň üçin täsin işleri etdi+,Biz bagtly halk!   Negebiň guran çeşmeleriniň joşup akyşy deý,Eý Ýehowa, ýesir düşen halkyňy yzyna gaýtaryp getir.   Gözýaş döküp ekenler,Şatlyk bilen orarlar.   Aglap tohum sepen* daýhanlar,Şatlana⁠-⁠şatlana desseli yzyna dolanar+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: tohumly torbany göteren.