Zebur 121:1—8

  • Ýehowa halkynyň hemaýatkäri

    • «Ýehowa maňa kömek eder» (2)

    • Ýehowa hiç haçan irkilmez (3, 4)

Zyýarat aýdymy*. 121  Daglara nazar saldym+. Maňa kim ýardam eder?   Ýeri, gögi ýaradan,Ýehowa maňa kömek eder+.   Ol hiç haçan aýagyňy taýdyrmaz+, Seni goraýan Hudaý hiç haçan irkilmez.   Ysraýylyň hemaýatkäri,Asla irkilmez, uka⁠-⁠da gitmez+.   Ýehowa seni goraýar, Ýehowa saňa pena bolup+, sagyňda durýar+.   Gündizine seni Gün urmaz+,Gijesine Aý zyýan ýetirmez+.   Ýehowa saňa çar tarapdan pena bolar+, Janyňy gorar+.   Ýehowa häzirem, gelejekde⁠-⁠de,Ähli işleriňi rowaçlandyrar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.