Zebur 120:1—7

  • Gelmişek parahatlyk isleýär

    • Meni hilegär dilden halas et (2)

    • «Men parahatlyk isleýärdim» (7)

Zyýarat aýdymy*. 120  Jebir⁠-⁠jepa içinde Ýehowany çagyrdym+,Ol maňa jogap berdi+.   Eý Ýehowa, ýalançy agyzdan,Hilegär dilden meni halas et.   Eý hilegär dil+, Hudaýyň saňa näme etjegini bilýärmiň?Alla saňa nähili temmi berer?   Ol esgeriň ýiti peýkamlary bilen+,Ýylgynyň közleri bilen saňa temmi berer+.   Men Meşehde+ gelmişek boldum,Kedar+ çadyrlarynda ýaşadym. Waý meniň halyma!   Men parahatlygy ýigrenýänler bilen+,Uzak wagt ýaşadym.   Men parahatlyk isleýärdim.Parahatlyk hakda dil ýaranymda,Olar uruş turuzýardylar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.