Zebur 12:1—8

  • Ýehowa aýaga galýar

    • Hudaýyň sözi arassa (6)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Şeminit*. Dawudyň aýdymy. 12  Eý Ýehowa, meni halas et! Wepaly adam galmady.Adamlaryň arasynda ynamdar galmady.   Olar biri⁠-⁠birine ýalan sözleýär,Ýaranjaňlyk edip, hilegärlik* bilen gepleýär+.   Ýehowa ýaranjaň dili çapar,Öwünjeň dili keser+.   Olar: «Gepimizi gögerderis*, Agzymyza geleni aýdarys.Bizi kim saklap biler?»+ diýýärler.   Ýehowa diýýär: «Ejizler ezilýär,Garyplar ahy⁠-⁠nala edýär+.Men aýaga galaryn! Olary kemsidýänleriň elinden halas ederin».   Ýehowanyň sözi arassadyr+.Ol ojakda* ýedi sapar arassalanan kümüş ýalydyr.   Eý Ýehowa, sen ejizleri aman saklarsyň+,Her birini şu nesilden ebedilik gorarsyň.   Erbetler döwran sürýär,Sebäbi adam ogullary azgynlygy söýýär+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: iki ýürek.
Ýa⁠-⁠da: Dilimiz bilen üstün çykarys.
Başga manysy: topragyň üstünde gurlan eredýän peçde.