Zebur 118:1—29

  • Ýeňiş beren Ýehowa şükür ediň

    • Ýahy çagyranymda jogap berdi (5)

    • «Ýehowa meniň tarapymda» (6, 7)

    • Zyňlan daş esasy daş boldy (22)

    • «Ýehowanyň adyndan gelýäne alkyş bolsun!» (26)

118  Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr+,Wepaly söýgüsi* ebedidir.   Ysraýyl diýsin: «Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».   Harunyň öýi diýsin: «Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».   Ýehowadan gorkýanlar diýsin: «Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».   Agyr günde Ýahy* çagyrdym,Ýah jogap berip, giň sähra alyp çykdy+.   Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn+. Ynsan maňa näme edip biler?+   Ýehowa meniň tarapymda, meniň howandarym*+,Duşmanlaryň ýeňlişini gözüm bilen görerin+.   Ynsana däl⁠-⁠de,Ýehowa bil baglaýan adam bagtlydyr+.   Hanlara däl⁠-⁠de,Ýehowa bil baglaýan adam bagtlydyr+. 10  Milletler daşymy gabady,Emma Ýehowanyň ady bilen,Olary yzyna serpikdirdim+. 11  Olar çar tarapdan meni gabady, daşymy gurşady.Emma Ýehowanyň ady bilen,Olary yzyna serpikdirdim. 12  Olar ary kimin üstüme çozdy,Ýandaga düşen ot kimin tiz söndi. Emma Ýehowanyň ady bilen,Olary yzyna serpikdirdim+. 13  Meni ýykjak bolup itdiler*,Emma Ýehowa dadyma ýetişdi. 14  Ýah meniň penam hem güýjümdir,Ol meniň halasgärimdir+. 15  Dogruçyllaryň çadyryndan,Şatlyk hem ýeňiş sesi eşidilýär. Ýehowanyň sag eli gudratly işleri edýär+.  16  Ýehowanyň sag eli ýokary galýar,Ýehowanyň sag eli gudratly işleri edýär+. 17  Men ölmerin, men ýaşaryn,Ýahyň işlerini gürrüň bermek üçin ýaşaryn+. 18  Ýah maňa berk temmi berdi+,Ýöne ölüm penjesine bermedi+. 19  Maňa dogrulyk derwezelerini açyň+,Olardan girip, Ýaha alkyş aýdaýyn. 20  Ine, Ýehowanyň derwezesi, Ondan dogruçyl adamlar girýär+. 21  Saňa alkyş aýdaryn, sen maňa jogap berdiň+,Sebäbi halasgärim sensiň. 22  Ussalaryň zyňan daşyIndi esasy daş* boldy+. 23  Muny eden Ýehowa+,Bizi haýran galdyrdy+. 24  Ol güni Ýehowa belledi,Şol gün biz şatlanarys, begeneris. 25  Ýehowa, ýalbarýarys, halas et! Ýehowa, ýalbarýarys, ýeňiş ber! 26  Ýehowanyň adyndan gelýäne alkyş bolsun!+Ýehowanyň öýünde halka ak pata bereris. 27  Ýehowa biziň Hudaýymyz,Bize nur saçýar+. Agajyň şahalaryny alyň,Baýramçylyga barýanlara goşulyň+,Gurbanlyk ojagynyň* başyna* geliň+. 28  Sen meniň Hudaýym, saňa alkyş aýdaryn,Ýa Allam, seni şöhratlandyraryn+. 29  Ýehowa şükür ediň+, sebäbi ol ýagşydyr,Wepaly söýgüsi ebedidir+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Başga manysy: maňa kömek edýänler bilendir.
Başga manysy: itdiň.
Sözlüge serediň: Düýp daşy.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: şahyna. Sözlüge serediň.