Zebur 116:1—19

  • Minnetdarlyk aýdymy

    • «Ýehowanyň ýagşylyklaryny nädip gaýtaryp bilerin?» (12)

    • «Gutulyş käsesinden içerin» (13)

    • Ýehowa beren wadalarymy berjaý ederin (14, 18)

    • Wepaly gullarynyň ölümi Hudaýa agyr degýär (15)

116  Men Ýehowany söýýärin,Ol dogamy diňleýär*, perýadyma jogap berýär+.   Ol aşak egilýär, meni diňleýär+.Men soňky demime çenli Hudaýy çagyraryn.   Meni ölüm tanaplary baglady,Mazar maňa gujagyny açdy+. Gaýgy⁠-⁠gussa egnimden basdy+.   Ýehowanyň adyny çagyryp+: «Eý Ýehowa, meni halas et!» diýdim.   Ýehowa mähirli hem adalatly+,Rehimdar Hudaýdyr+.   Ýehowa sada* adamy goraýar+. Başyma heläkçilik indi, meni halas etdi.   Rahatlan, eý janym*, rahatlan!Sebäbi Ýehowa maňa ýagşylyk etdi.   Sen meni ölümden halas etdiň,Gözýaşlarymy süpürdiň, aýagymy taýdyrmadyň+.   Men ýagty jahanda Ýehowanyň huzurynda gezerin. 10  Men gam⁠-⁠gussa çeksem⁠-⁠de,Iman bilen gepledim+. 11  Howsala düşüp: «Ähli adamlar ýalançy»+ diýdim. 12  Ýehowanyň ýagşylyklaryny nädip gaýtaryp bilerin? 13  Gutulyş käsesinden içerin,Ýehowanyň adyny çagyraryn. 14  Ýehowa beren wadalarymyHalkyň öňünde berjaý ederin+. 15  Wepaly gullarynyň ölümiÝehowa agyr degýändir*+. 16  Ýehowa, saňa ýalbarýaryn!Sebäbi men seniň guluň, bendäňdirin, Seniň gyrnagyň ogludyryn. Sen meni zynjyrlardan boşatdyň+. 17  Saňa minnetdarlyk gurbanlygyny bererin+,Ýehowanyň adyny çagyraryn. 18  Ýehowa beren wadalarymy+Halkyň öňünde berjaý ederin+, 19  Olary Ýehowanyň öýüniň howlularynda+,Iýerusalimiň merkezinde berjaý ederin. Ýaha alkyş aýdyň!*+

Çykgytlar

Başga manysy: Men söýýärin, sebäbi Ýehowa eşidýär.
Ýa⁠-⁠da: tejribesiz; ynanjaň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: gymmatlydyr.
Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.