Zebur 115:1—18

  • Diňe Hudaý şöhrata mynasyp

    • Jansyz butlar (4—8)

    • Ýer ýüzi ynsan ogullaryna berlendir (16)

    • «Ölen adamlar Ýaha alkyş aýdýan däldir» (17)

115  Bizi däl, Ýehowa, bizi däl,Öz adyňy şöhratlandyr+.Sebäbi sen söýgä* baý hem wepalysyň+.   Halklar: «Olaryň Hudaýy nirede?» diýmesin+.   Hudaýymyzyň tagty gökdedir,Islegini mydama amala aşyrýandyr.   Olaryň altyn⁠-⁠kümüş butlary,Adam elleriniň işidir+.   Olaryň agzy bar, ýöne geplemeýär+,Gözleri bar, ýöne görmeýär.   Olaryň gulagy bar, ýöne eşitmeýär,Burny bar, ýöne ys almaýar.   Olaryň eli bar, ýöne tutup bilmeýär,Aýagy bar, ýöne ýöräp bilmeýär+,Bogazyndan ses çykmaýar+.   Butlary ýasanlar,Butlara bil baglaýanlar+,Olaryň özleri ýaly bolar+.   Ysraýyl, Ýehowa bil bagla!+Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz+. 10  Harunyň öýi+, Ýehowa bil bagla!Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz. 11  Ýehowadan gorkýanlar, Ýehowa bil baglaň!+Ol hemaýatkärimiz, galkanymyz+. 12  Ýehowa bizi unutmaz, ak pata berer,Ysraýylyň öýüni,Harunyň öýüni ýalkar+. 13  Ýehowa hudaýhonlara*,Olaryň uludan⁠-⁠kiçisine bereket berer. 14  Ýehowa sizi köpelder,Birgiden ogul⁠-⁠gyzlaryňyz bolar+. 15  Goý, ýeri⁠-⁠gögi Ýaradan+,Ýehowa sizi ýalkasyn!+ 16  Asman Ýehowanyňkydyr+,Ol ýer ýüzüni ynsan ogullaryna berendir+. 17  Ölen adamlar Ýaha alkyş aýdýan däldir+,Ölüm ukusyna gidenler*+ wasp edýän däldir. 18  Biz häzirem, gelejekde⁠-⁠de,Ýaha alkyş aýdarys! Ýaha alkyş aýdyň!*

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgä.
Ýa⁠-⁠da: özünden gorkýanlara.
Ýa⁠-⁠da: Dymyp ýatanlar.
Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.