Zebur 114:1—8

  • Ysraýyl Müsürden çykýar

    • Deňiz gaçdy (5)

    • Daglar goç kimin bökjekledi (6)

    • Kert gaýadan çeşme akdy (8)

114  Ysraýyl Müsürden çykanda+,Ýakubyň nesli keseki* halkyň arasyndan çykanda,   Ýahuda Hudaýyň mukaddes mekany,Ysraýyl onuň patyşalygy boldy+.   Deňiz muny görüp gaçdy+,Iordan yza çekildi+.   Daglar goç kimin,Depeler guzy kimin bökjekledi+.   Eý deňiz, sen näme üçin gaçdyň?+ Eý Iordan, näme üçin yza çekildiň?+   Eý daglar, näme üçin goç kimin bökjeklediňiz?Eý depeler, näme üçin guzy kimin bökjeklediňiz?   Eý ýer ýüzi, Hökümdar Hudaýyň huzurynda,Ýakubyň Hudaýynyň öňünde titräň+.   Ol gaýany gamyşly köle öwürýär,Kert gaýadan çeşme akdyrýar+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: başga dilde gepleýän.