Zebur 113:1—9

  • Şöhratly Hudaý garyby galdyrýar

    • Ýehowanyň adyna hemişe alkyş aýdyň (2)

    • Hudaý egilýär (6)

113  Ýaha alkyş aýdyň!* Ýehowanyň bendeleri, oňa alkyş aýdyň!Ýehowanyň adyny wasp ediň!   Häzirem, gelejekde⁠-⁠de,Ýehowanyň adyna alkyş aýdyň!+   Daň atandan Gün batýança,Ýehowanyň adyny wasp ediň!+   Ýehowa halklaryň üstünden höküm sürýär+,Şöhraty göklerden hem beýikdir+.   Tagtyny gökde diken,Ýehowa Hudaýymyza taý geljek barmy?+   Ol egilip, asmana we ýere nazar salýar+.   Mätäji toprakdan, Garyby kül üstünden* galdyrýar+.   Ony töreler bilen,Halkynyň töreleri bilen oturdýar.   Önelgesiz aýala çaga berip, bagtly edýär,Öýüni çaga⁠-⁠çugadan doldurýar+. Ýaha alkyş aýdyň!*

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Başga manysy: zir⁠-⁠zibilden.
Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.