Zebur 11:1—7

  • Ýehowa penadyr

    • «Ýehowa mukaddes ybadathanasyndadyr» (4)

    • Hudaý zorlugy söýýäni ýigrenýär (5)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 11  Ýehowa meniň penamdyr!+ Siziň şeýle diýmäge nädip diliňiz barýar: «Bar, guş kimin dagyňa uçup git!   Erbetleriň ýaý çekişini görýärmiň?Olar garaňkylykda ýaýyny çenäp ýatýar,Dogruçyl adamyň döşüni deşýär.   Adalat bolmasa, eden⁠-⁠etdilik bolsa,Dogruçyl näme etsin?»   Ýehowa mukaddes ybadathanasyndadyr+. Ýehowanyň tagty gökdedir+. Onuň gözleri adam ogullaryna syn edýär+.   Ýehowa dogruçyly⁠-⁠da, erbedi⁠-⁠de synlaýar+.Ol zorlugy söýýäni ýigrenýär+.   Ol erbetleriň başyna bela⁠-⁠beter* ýagdyrar,Ot, kükürt+ we çölüň ýeli bilen jezalandyrar.   Ýehowa adalatly!+ Ol adalatly işleri gowy görýär+,Dogruçyl adama bereket berýär+.

Çykgytlar

Başga manysy: köz.