Zebur 108:1—13

  • Hudaýdan ýeňiş dileýär

    • «Ynsan halas edip bilmez, garaşanyňa degmez» (12)

    • «Hudaýymyz güýç⁠-⁠kuwwat berer» (13)

Dawudyň aýdymy. 108  Ýa Alla, men saňa wepaly! Bütin janym bilen şanyňa aýdym aýdaryn+.   Oýan, eý çeňim!* Oýan, eý arfam!+ Men daň şapagyny oýararyn.   Eý Ýehowa, halklaryň arasynda seni wasp ederin,Milletleriň arasynda seniň şanyňa aýdym aýdaryn.   Sebäbi wepaly söýgiň* göge ýetýär+,Wepadarlygyň arşa galýar.   Eý Hudaý, şan⁠-⁠şöhratyň asmana,Bütin dünýä ýaň salsyn!+   Söwer ogullaryňy halas et.Bizi sag eliň bilen gora, dogamyza jogap ber+.   Mukaddes* Hudaý diýýär: «Men begenip, Sukot düzlügini+ paý edip bererin,Şekemi+ islän kişime miras bererin.   Gilead+ meniňkidir, Manaşa hem meniňkidir.Efraýym tuwulgamdyr+,Ýahuda patyşalyk hasamdyr+.   Mowap el ýuwýan legenimdir+. Edomyň üstüne çaryklarymy zyňaryn+. Piliştiň üstünden şanly ýeňiş gazanaryn»+. 10  Kim meni gala äkider? Kim meni Edoma elter?+ 11  Bizi ol ýere Hudaýymyz elter.Ol bizden ýüz öwrenem bolsa,Esgerlerimizi goldamasa⁠-⁠da, ol ýere elter+. 12  Betbagtçylyk güni kömek et+.Sebäbi ynsan halas edip bilmez, garaşanyňa degmez+. 13  Hudaýymyz güýç⁠-⁠kuwwat berer+,Duşmanlarymyzy depelär+.

Çykgytlar

Arfanyň bir görnüşi.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Mukaddes mekanynda oturan.