Zebur 105:1—45

  • Ýehowa halkyna wepaly

    • Hudaý ähtini unutmaýar (8—10)

    • «Saýlanlaryma degmäň» (15)

    • Alla Ýusubyň gul bolmagyna ýol berýär (17—22)

    • Hudaý Müsürde gudrat görkezýär (23—36)

    • Ysraýyl Müsürden çykýar (37—39)

    • Ybraýyma beren wadasy Hudaýyň ýadynda (42)

105  Ýehowa alkyş aýdyň+, adyny çagyryň!Gudratly işlerini milletlere jar ediň!+   Şanyna aýdym aýdyň, wasp ediň,Täsin işleri hakda çuňňur oýlanyň*+.   Hudaýyň mukaddes adyna buýsanyň+. Ýehowany gözleýänleriň ýüregi joşsun!+   Ýehowany agtaryp+, güýç soraň, Hemişe didaryny küýsäň.   Gudratyny, ajaýyp işlerini unutmaň,Aýdan hökümlerini ýatdan çykarmaň+.   Siz Hudaýyň guly Ybraýymyň nesli+,Ýakubyň ogullary, Allanyň saýlany+.   Ýehowa biziň Hudaýymyz+, Ýer ýüzüne adalatly höküm çykarýar+.   Ol ähtini hiç haçan unutmaýar+,Müň nesil ötse⁠-⁠de, sözünde durýar+.   Ybraýym bilen äht baglaşypdy+,Yshaga ant içipdi+. 10  Ýakup üçin perman çykardy,Ysraýyl üçin ebedilik äht etdi. 11  Hudaý: «Kengan ýurduny saňa bererin+,Mülk edip paýlaryn» diýdi+. 12  Halkyň sany azdy, örän azdy+,Ýurtda gelmişek bolup ýaşaýardy+. 13  Bir halkdan beýleki halka,Bir ýurtdan beýleki ýurda göçüp⁠-⁠gonup ýörerdi+. 14  Olara hiç kim azar bermedi+,Hudaý patyşalara käýäp+: 15  «Saýlanlaryma degmäň,Pygamberlerime ýamanlyk etmäň» diýdi+. 16  Ýurda açlyk inderdi+,Halk çörege zar boldy*. 17  Halkynyň öňünden Ýusuby iberdi,Ony gul edip satdylar+. 18  Aýagyna zynjyr bagladylar+,Boýnuna demir halka saldylar. 19  Allanyň wadasy amala aşýança+,Ýehowanyň sözi ony arassalady. 20  Patyşa ony boşatdy+,Hökümdar azat etdi. 21  Ýusuby köşgüne hojaýyn etdi,Ähli mal⁠-⁠mülküni eline berdi+. 22  Ýusuby han⁠-⁠begleriň üstünden goýdy,Ol Müsüriň akyldarlaryna nesihat berdi+. 23  Ysraýyl Müsüre geldi+,Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady. 24  Hudaý halkyny köpeltdi+,Duşmanlaryndan has güýçli etdi+. 25  Ýagylarynyň ýüregi ýigrençden doldy,Hudaýyň gullaryna garşy hile guruldy+. 26  Hudaý bendesi Musany+,Saýlan guly Haruny iberdi+. 27  Olar müsürlilere alamatlar,Ham ýurdunda gudratlar görkezdi+. 28  Alla ýurdy tümlük bilen örtdi+.Gullary* Hudaýyň sözünden çykmady. 29  Derýalaryny gana öwürdi,Balyklarynyň baryny gyrdy+. 30  Tutuş ýurt, patyşanyň otaglary gurbagadan doldy+. 31  Hudaýyň emri bilen siňek* çozdy,Ähli ýere peşe* ýagdy+. 32  Ýagşa derek jöwenek* ýagdyrdy.Ýyldyrym çakdyryp, tutuş ýurdy ýakdy+. 33  Bag⁠-⁠bakjalaryny,Injir we üzüm agaçlaryny weýran etdi. 34  Onuň buýrugy bilen çekirtgeler çozdy,Sansyz⁠-⁠sajaksyz ýalmap⁠-⁠ýuwudýan çekirtgeler geldi+. 35  Olar bag⁠-⁠bakjanyň baryny,Topragyň hasylyny ýalmap ýuwutdy. 36  Soňra ol nowbahar çagalaryny gyryp taşlady+,Bilinden önen ilkinji perzendini ýok etdi. 37  Halkyny altyn⁠-⁠kümüş bilen ýurtdan çykardy+,Taýpalardan zyýan çeken bolmady. 38  Müsür olaryň gidenine begendi,Sebäbi olardan gözi gorkupdy+. 39  Bulut galkan kimin gorady+, Hudaý gijesine yşyk berdi+. 40  Et islediler, bedene inderdi+,Gökden çörek ýagdyryp, halkyny doýurdy+. 41  Gaýany ýardy, suwlar çogup çykdy+,Çöl içinde derýa kimin akdy+. 42  Onuň Ybraýyma beren wadasy ýadyndady+. 43  Hudaý halkyny azat etdi+,Olar şatlandy, joşup aýdym aýtdy. 44  Olara halklaryň ýerini miras berdi+,Başgalaryň der döküp alan hasylyny iýdirdi+. 45  Hudaýyň kanunyny we buýruklaryny,Halk berjaý etmelidi+. Ýaha alkyş aýdyň!*

Çykgytlar

Başga manysy: gürrüň beriň.
Sözme⁠-⁠söz: Çörek taýaklaryny döwdi. Çörek asylyp goýulýan taýaklar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Musa bilen Harun göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: gögeýin. Awuly iňňesi bilen çakýan we gan sorýan uly gök siňege meňzeş ganatly möjejik.
Ýa⁠-⁠da: çybyn.
Ýa⁠-⁠da: doly; buz.
Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.