Zebur 102:1—28

  • Alaçsyz galan adamyň dogasy

    • «Ýeke oturan guş ýaly boldum» (7)

    • «Ömrüm kölege kimin ýitip barýar» (11)

    • «Ýehowa Siony dikelder» (16)

    • Ýehowa hemişelik bolar (26, 27)

Alaçsyz galyp, ruhdan düşen adamyň Ýehowa eden dogasy+. 102  Eý Ýehowa, dogamy eşit+,Perýadyma gulak as!+   Agyr günümde menden ýüzüňi sowma+, Aşak egil⁠-⁠de, sözümi diňle.Seni çagyrýaryn, tizräk jogap ber+.   Ömrüm tüsse kimin gaýyp bolýar,Süňklerim köz kimin ýanyp barýar+.   Işdäm kesildi,Ýüregim saralyp⁠-⁠solan ota döndi+.   Ah çekip aglamakdan ýaňa+,Çöpe döndüm+.   Ýalňyz galan gotan ýaly boldum,Harabalykda ýaşaýan baýguşa meňzedim.   Gözüme uky gelenok*,Üçekde ýeke oturan guş ýaly boldum+.   Uzakly gün duşmanlarym üstümden gülýär+, Ýaňsylaýjylar adymy tutup gargaýar.   Çörege derek kül iýýärin+,Içýän suwuma gözýaşlarym damýar+. 10  Sen gahar⁠-⁠gazaba mündüň,Meni ýokary galdyryp, ýere zyňdyň. 11  Ömrüm kölege kimin ýitip barýar+.Janym ot kimin gurap barýar+. 12  Eý Ýehowa, sen ebedilik Hudaý+,Şan⁠-⁠şöhratyň nesilden⁠-⁠nesle dowam eder+. 13  Sen aýaga galyp, Siona rehim edersiň+.Sebäbi ýagşylyk etmeli wagtyň geldi+,Bellän möhletiň doldy+. 14  Gullaryň şäheriň diwaryny eý görýär+,Topragyny küýseýär+. 15  Milletler Ýehowanyň adyndan gorkarlar,Patyşalar şan⁠-⁠şöhratyny görerler+. 16  Ýehowa Siony dikelder+,Şan⁠-⁠şöhraty bilen geler+. 17  Garybyň dilegini diňlär+,Pukaranyň dogasyny eşider*+. 18  Muny geljekki nesil üçin ýazdym+.Goý, dünýä injekler hem Ýaha alkyş aýtsynlar! 19  Ýehowa mukaddes mekanyndan seredýär+,Gökden ýer ýüzüni synlaýar. 20  Tussaglaryň ahy⁠-⁠zaryny eşidýär+,Ölüme höküm edilenleri azat edýär+. 21  Ýehowanyň ady Sionda wasp edilsin+,Şan⁠-⁠şöhraty Iýerusalimde yglan edilsin. 22  Goý, halklar we patyşalyklar,Ýehowa agzybir gulluk etsinler+. 23  Ol orta ýaşda güýjümi aldy,Ömrümi gysgaltdy. 24  Men diýdim: «Ýa Allam,Sen nesilden⁠-⁠nesle barsyň!+Orta ýaşda ömür tanapymy kesme. 25  Gadymy döwürde ýeriň düýbüni tutduň,Gök asmany eliň bilen ýazdyň+. 26  Olar ýok bolup giderler, emma sen hemişelik bolarsyň;Olar don ýaly könelip ýyrtylar. Sen olary egin⁠-⁠eşik ýaly çalşyrarsyň, ählisini ýok edersiň. 27  Emma sen hiç haçan üýtgemersiň,Ýyllaryň asla tükenmez+. 28  Gullaryň nesli asuda ýaşar,Nebereleri ebedilik huzuryňda durar»+.

Çykgytlar

Başga manysy: Halys tapdan düşdüm.
Ýa⁠-⁠da: äsgermezçilik etmez.