Zebur 1:1—6

  • Iki ýol

    • Hudaýyň kanunyny söýüň (2)

    • Dogruçyl adam miweli agaç ýalydyr (3)

    • Erbetler saman kimindir (4)

1  Erbetleriň maslahatyna eýermeýän,Günäkärleriň ýolundan ýöremeýän+,Ýaňsylaýjylar bilen oturmaýan+ adam bagtlydyr.   Ol Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýär+.Gije⁠-⁠gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýar*+.   Ol akar suwuň ýakasynda ekilen,Miwesini möwsüminde berýän,Ýapragy solmaýan agaç ýaly bolar. Ähli işinde üstünlik gazanar+.   Erbetleriň ýagdaýy beýle däldir.Olar ýele sowrulan saman kimindir.   Erbetler jezadan gaçyp bilmez+,Günäkärler dogruçyllaryň arasynda bolmaz+.   Ýehowa dogruçyl adamyň ýoluny bilýär+,Erbediň ýoluny bolsa ýok eder+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: kanunyny ýuwaş ses bilen okaýar; pyşyrdap okaýar.