Ýahýa gelen Ylham 8:1—13

  • Ýedinji möhür açylýar (1—6)

  • Dört surnaýyň ilkinjisi çalynýar (7—12)

  • «Üç perişde surnaý çalmaga taýýar» (13)

8  Guzy+ ýedinji möhüri+ açanda, gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy.  Şonda men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni+ gördüm, olara ýedi surnaý berildi.  Men başga bir perişdäniň gelip, gurbanlyk ojagynyň*+ ýanynda durandygyny hem gördüm. Onuň elinde tütetgi ýakylýan altyn gap bardy, şonuň üçin köp mukdarda tütetgi berildi+. Mukaddesler doga edende, ol tütetgini tagtyň öňünde duran altyn gurbanlyk ojagynda+ ýakmalydy.  Perişdäniň elindäki tütetginiň tüssesi mukaddesleriň dogasy+ bilen bile Hudaýyň huzuryna barýardy.  Emma perişde şol bada tütetgi gabyny alyp, gurbanlyk ojagyndaky közden* doldurdy. Soňra közi ýere dökende, gök gürläp, ses eşidildi we ýyldyrym çakyp+, ýer titredi.  Ýedi perişde hem ýedi surnaýy+ çalmaga taýýarlandy.  Birinji perişde surnaýyny çalanda, ýer ýüzüne buz* bilen gan gatyşykly ot ýagdy+. Şonda ýeriň üçden bir bölegi, agaçlaryň üçden bir bölegi we ösümlikleriň bary ýandy+.  Ikinji perişde surnaýyny çalanda, beýik daga meňzeş bir zat ýanyp, deňze zyňyldy+. Şonda deňziň üçden bir bölegi gana öwrüldi+.  Deňizdäki janly⁠-⁠jandarlaryň üçden bir bölegi öldi+ we gämileriň üçden bir bölegi heläkçilige uçrady. 10  Üçünji perişde surnaýyny çalanda, çyra meňzeş ýanyp duran uly ýyldyz gökden derýalaryň üçden bir bölegine we çeşmelere gaçdy+. 11  Ýyldyzyň ady Ýowşandy. Şonda suwlaryň üçden bir bölegi ýowşan ýaly ajy boldy. Suwuň ajydygy+ sebäpli, adamlaryň köpüsi öldi. 12  Dördünji perişde surnaýyny çalanda, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagty saçyp bilmez ýaly+, Günüň, Aýyň hem⁠-⁠de ýyldyzlaryň üçden bir bölegi garaldy+. 13  Men asmanda uçup ýören bürgüdi gördüm. Ol batly ses bilen: «Dat günüňize+, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Waý halyňyza, dat günüňize! Sebäbi galan üç perişde hem surnaýyny çalmaga taýýar dur»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: otdan.
Ýa⁠-⁠da: doly; jöwenek.