Ýahýa gelen Ylham 7:1—17

  • Heläk ediji ýelleri saklaýan dört perişde (1—3)

  • Möhürlenen 144 000 adam (4—8)

  • Ak eşikli uly märeke (9—17)

7  Şondan soň men ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Olar ýer ýüzüne, deňze we hiç bir agaja ýel öwüsmesin diýip, ýeriň dört ýelini saklap durdylar.  Men Günüň dogýan tarapyndan* ýokary galyp barýan başga bir perişdäni gördüm. Onuň elinde Biribaryň möhüri bardy. Ol ýer ýüzüne we deňze zyýan ýetirmäge ygtyýar berlen dört perişdä batly ses bilen:  «Hudaýymyzyň gullarynyň maňlaýyna möhür basýançak+, ýer ýüzüne, deňze we agaçlara zyýan ýetirmäň» diýdi.  Men 144 000 adamyň möhürlenendigini+ eşitdim. Olar ysraýyl ogullarynyň+ her taýpasyndan alnyp möhürlenipdi.  Ýahuda taýpasyndan 12 000 adam möhürlendi,Ruben taýpasyndan 12 000,Gad taýpasyndan 12 000,  Aşer taýpasyndan 12 000,Naftaly taýpasyndan 12 000,Manaşa taýpasyndan+ 12 000,  Şimgon taýpasyndan 12 000,Lewi taýpasyndan 12 000,Ysahar taýpasyndan 12 000,  Zebulun taýpasyndan 12 000,Ýusup taýpasyndan 12 000,Benýamin taýpasyndan hem 12 000 adam möhürlendi.  Şondan soň seretsem, ine, ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesini+ gördüm. Olar tagtyň we Guzynyň öňünde uzyn ak eşikli durdylar+, ellerinde hurma agajynyň şahalary bardy+. 10  Olar batly ses bilen: «Biz halas bolandygymyz üçin, tagtda oturan Hudaýa+ we Guza borçly»+ diýýärdiler. 11  Perişdeleriň hemmesi, ýaşulular+ we dört perişde tagtyň töwereginde durdylar. Şonda olar tagtyň öňünde ýüzin ýykylyp, Hudaýa sežde etdiler⁠-⁠de: 12  «Omyn! Goý, şöhrat, alkyş, akyldarlyk, minnetdarlyk, hormat, güýç⁠-⁠kuwwat baky hem ebedilik Hudaýymyzyňky bolsun!+ Omyn!» diýdiler. 13  Ýaşulularyň biri menden: «Uzyn ak eşikli adamlar+ kim? Olar nireden geldiler?» diýip sorady. 14  Men şol bada: «Agam, özüň bilýänsiň» diýdim. Ol şeýle diýdi: «Olar uly betbagtçylykdan geçenler+, olar eşiklerini Guzynyň gany bilen ýuwup, ap⁠-⁠ak etdiler+. 15  Şonuň üçin hem olar Hudaýyň tagtynyň öňünde durlar. Olar Hudaýyň ybadathanasynda gije⁠-⁠gündiz mukaddes gullugy berjaý edýärler. Tagtda oturan Hudaý+ olaryň üstüne çadyryny diker+. 16  Olar indi hiç haçan ajykmaz, suwsamaz. Olary ne Gün urar, ne⁠-⁠de jöwza ýakyp ýandyrar+. 17  Sebäbi olary tagtyň ýanynda duran Guzy+ bakar+ we ýaşaýyş suwunyň gözbaşyna+ elter. Hudaý hem olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: gündogardan.