Ýahýa gelen Ylham 6:1—17

  • Guzy ilkinji alty möhüri açýar (1—17)

    • Ak atda oturan ýeňiji (1, 2)

    • Dor atda oturan parahatlygy alýar (3, 4)

    • Gara atda oturan açlyk getirýär (5, 6)

    • Çal atda oturanyň ady Ölüm (7, 8)

    • Gurbanlyk ojagynyň düýbüne gany dökülen adamlar (9—11)

    • Güýçli ýertitreme (12—17)

6  Soňra men Guzynyň+ ýedi möhüriň birini açanyny+ gördüm. Şonda dört perişdäniň+ biri gök gürrüldisine meňzeş ses bilen: «Gel!» diýdi.  Ine, bir ak at+ çykdy, onuň üstünde oturanyň elinde ýaýy we oky bardy. Oňa täç berildi+ we ol ýeňmek üçin çykyp, doly ýeňiş gazandy+.  Guzy ikinji möhüri açanda, ikinji perişdäniň+: «Gel!» diýenini eşitdim.  Şonda men başga bir dor aty gördüm. Adamlaryň bir⁠-⁠birini gyrmagy üçin atyň üstünde oturana ýer ýüzünden parahatlygy aýyrmak ygtyýary we uly gylyç berildi+.  Guzy üçünji möhüri açanda+, üçünji perişdäniň+: «Gel!» diýenini eşitdim. Şonda gara reňkli at gördüm. Onuň üstünde oturanyň elinde terezi bardy.  Dört perişdäniň arasyndan: «Bir golça* bugdaý bir teňňedir*+, üç golça arpa hem bir teňňedir. Ýöne zeýtun ýagy bilen şeraba zyýan ýetirme»+ diýen ses eşitdim.  Guzy dördünji möhüri açanda, dördünji perişdäniň+: «Gel!» diýenini eşitdim.  Ine, görsem, çal at çykdy. Onuň üstünde oturanyň ady Ölümdi. Mazar* hem onuň yzyndady. Olara ýer ýüzüniň dörtden bir bölegini uzyn gylyç, açlyk+, ölüm howply kesel we wagşy haýwanlar bilen öldürmek+ ygtyýary berildi.  Guzy bäşinji möhüri açanda, gurbanlyk ojagynyň*+ düýbünde Hudaýyň sözüni berjaý edip, wagyz işine gatnaşanlaryň+ dökülen ganyny+ gördüm. 10  Olar batly ses bilen: «Eý Älemiň Hökümdary, sen mukaddes hem dogruçyl Hudaý!+ Sen haçan ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny höküm edip, biziň ganymyz üçin ar aljak?»+ diýýärdiler. 11  Olaryň hersine uzyn ak don berildi+ we özleri ýaly öldürilen imandaşlarynyň hem⁠-⁠de doganlarynyň+ sany dolýança, biraz garaşmalydygy aýdyldy. 12  Guzy altynjy möhüri açanda, güýçli ýertitreme boldy. Şonda Gün gara ýüň* ýaly gap⁠-⁠gara, Aý hem gan ýaly gyp⁠-⁠gyzyl boldy+. 13  Güýçli ýel turanda, injir agajynyň miweleriniň dökülişi ýaly, gökdäki ýyldyzlar hem ýere gaçdy. 14  Gök bolsa kagyz ýaly düýrlenip, zym⁠-⁠zyýat boldy+. Daglaryň we adalaryň hemmesi ýerinden süýşdi+. 15  Şonda ýer ýüzüniň patyşalary, wezipeli adamlary, goşun serkerdeleri, baýlary, ygtyýarly adamlary, ähli gul we azat adamlary dagyň gowaklarynda hem⁠-⁠de gaýalaryň arasynda gizlendiler+. 16  Olar daglara we daşlara: «Üstümize ýykylyň⁠-⁠da+, bizi tagtda oturan Hudaýyň+ ýüzünden we Guzynyň+ gazabyndan gizläň. 17  Sebäbi olaryň beýik gazap güni geldi+, indi kim halas bolup biler?»+ diýýärdiler.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: dinardyr. Bir rim kümüş dinary bir günlük iş haky bolupdyr. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Geçiniň çöpüri, ýagny ýüňi göz öňünde tutulýan bolmaly.