Ýahýa gelen Ylham 10:1—11

  • Eli kiçijik golýazmaly güýçli perişde (1—7)

    • «Hudaý indi eglenmez» (6)

    • «Mukaddes syr berjaý bolar» (7)

  • Ýahýa kiçijik golýazmany iýýär (8—11)

10  Soňra men gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, kellesinde älemgoşar bardy, ýüzi Gün ýaly+, aýaklary bolsa otly sütünler ýalydy.  Onuň elinde açylan kiçijik golýazma bardy. Ol sag aýagyny deňziň, çep aýagyny bolsa ýeriň üstünde goýdy.  Ol ýolbarsyň arlaýşy ýaly, batly gygyrdy+. Şonda ýedi sany gök gürrüldisi+ gepledi.  Ýedi gök gürrüldisi geplände, men olaryň aýdanlaryny ýazjak boldum, ýöne gökden+: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny ýazma, olary möhürle» diýen ses eşitdim.  Deňziň we ýeriň üstünde duran perişde sag elini göge galdyryp,  baky hem ebedi Ýaşaýanyň+, asmany hem ondaky zatlary, ýeri hem ondaky zatlary, deňzi hem ondaky zatlary Ýaradanyň+ adyndan ant içip: «Hudaý indi eglenmez.  Emma ýedinji perişdäniň+ surnaýyny çaljak+ günlerinde Hudaýyň öz gullaryna, ýagny pygamberlerine+ hoş habar hökmünde yglan eden mukaddes syry+ berjaý bolar» diýdi.  Şonda gökden meniň bilen gepleşýäniň+ ýene⁠-⁠de şeýle diýenini eşitdim: «Bar, deňziň we ýeriň üstünde duran perişdäniň elindäki açylan golýazmany al»+.  Men baryp, perişdeden kiçijik golýazmany soranymda: «Al, muny iý!+ Ol içiňde ajy, agzyňda bolsa bal ýaly süýji bolar» diýdi. 10  Men perişdäniň elindäki golýazmany alyp iýdim+. Şonda ol agzymda bal ýaly süýji+, iýenimde bolsa içimde ajy boldy. 11  Soňra olar: «Sen adamlar, halklar, diller we köp patyşalar hakda pygamberlik etmegiňi dowam etmeli» diýdiler.

Çykgytlar