Titus 1:1—16

  • Doganlyk salamy (1—4)

  • Titus Kritde ýaşululary belleýär (5—9)

  • Gozgalaň turuzýanlara käýinç berilýär (10—16)

1  Men Hudaýyň guly we Isa Mesihiň resuly Pawlus. Meniň imanym Hudaýyň saýlanlarynyň imanyna we hakykatyň dogry bilimine laýyk gelýär. Hakykat bilimi Hudaýa wepaly bolmagy öwredýär.  Olar ebedi ýaşaýyş+ umydyna esaslanýar. Ýalan sözlemeýän* Hudaý+ şol umydy gadym döwürlerde wada beripdi.  Emma Halasgär Hudaý sözüni öz wagtynda mälim edip, wagyz etmegi maňa ynandy+.  Men hatymy akýürekli oglum we imandaşym Titusa ýazýaryn. Atamyz Hudaý we Halasgärimiz Isa Mesih saňa ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!  Men seni kemçilikleri düzetmek üçin Kritde goýup gaýtdym. Tabşyryşym ýaly, her şäherde ýaşululary belle.  Ýygnak ýaşulusynyň hiç hili ýazygy bolmaly däl, ol bir aýally bolmaly. Çagalary iman edýän bolmaly, ol azgynlykda* aýyplanýan ýa⁠-⁠da gulak asmaýan bolmaly däl+.  Gözegçi Hudaýyň guly, şonuň üçin adamlar ondan hiç hili ýazyk tapyp bilmeli däl. Ol özdiýenli+, ganygyzma+, arakhor, zalym* bolmasyn we açgözlük bilen haram gazanç edýän adam bolmasyn.  Ýöne ol myhmansöýer+, ýagşylygy söýýän, sagdyn düşünjeli*+, dogruçyl, wepaly+, özüne erk edýän bolmaly+.  Hudaýyň ynamdar sözüni* gyşarnyksyz öwretmeli+. Şonda ol sagdyn* taglymata+ esaslanyp maslahat berer*, garşy çykýanlara bolsa käýäp biler+. 10  Häzir gozgalaňçy, ýaňra, aldawçy adamlar köpdür. Esasan⁠-⁠da, sünnetlenmegiň tarapdarlary şeýle edýändirler+. 11  Şeýle adamlary dymdyrmak gerek. Olar haram gazanç etmek üçin bolgusyz taglymatlary öwredip, birgiden maşgalany imandan dändirýärler. 12  Olaryň bir pygamberi: «Kritliler hemişe ýalançy we wagşy adamlar, işsiz hajymelikler» diýipdi. 13  Aýdan sözlerim hakdyr. Şonuň üçin olara berk käýinç berip, imanda durmaga kömek et. 14  Olar ýehudylaryň ertekilerine üns bermesinler, hakykatdan daşlaşan adamlaryň öwüt⁠-⁠ündewlerini diňlemesinler. 15  Päk adamlar üçin ähli zat päkdir+. Ýöne haram we imansyz adamlar üçin arassa zat ýokdur, sebäbi olaryň pikiri⁠-⁠de, ynsaby⁠-⁠da hapadyr+. 16  Olar iliň öňünde hudaýhondyr, emma edýän işleri bilen Hudaýa ysnat getirýändir+. Olar ýigrenç döredýän, gulak asmaýan adamlardyr, ýagşy işleri etmäge mynasyp däldir.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ýalan sözlemegi başarmaýan.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: başyna giden diýip.
Ýa⁠-⁠da: urýan; dili bilen çakýan.
Ýa⁠-⁠da: düşgür.
Ýa⁠-⁠da: habaryny.
Ýa⁠-⁠da: peýdaly.
Ýa⁠-⁠da: höweslendirer.